Beýik Britaniýanyň täze saýlanan Premýer-ministri Tereza Meý Hytaý Halk Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen ýurduň ýolbaşçy düzüminiň adyna resmi hat ýollady. Ol Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýer-ministri Li Kesýana iberen hatynda halkara derejesinde söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak isleýändigini belledi. Bu barada Beýik Britaniýanyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti meseleleri boýunça ministri Alok Şarma habar berýär.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, Alok Şarma bu barada Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen Pekinde geçiren duşuşygynda gürrüň berdi.
– Beýik Britaniýa Hytaý bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär we bu ýurdy öz strategik hyzmatdaşy hasaplaýar. Premýer-ministr Meý Hytaýyň ýolbaşçy düzümine ýörite hat ýollap, bu ýurtda geçiriljek “Uly-20”-ligiň sammitine gatnaşjakdygyny mälim etdi. Hytaý bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýokary derejede alyp barmak meýilleşdirilýär – diýip, britaniýaly ministr Alok Şarma gürrüň berýär.
“Uly-20”-ligiň (G20) sammiti şu ýylyň sentýabr aýynyň 4-5-i aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriler.