Ki­no sun­ga­tynyň dö­rän il­kin­ji gü­nün­den baş­lap, jan­ly-jan­dar­lar ha­kyn­da, ola­ryň gör­ke­zen gah­ry­man­çy­lyk­la­ry, eder­men­lik­le­ri ba­ra­da müň­ler­çe film su­ra­ta dü­şü­ril­di we hä­zi­rem dü­şü­ril­me­gi­ do­wam ed­ýär. Esa­san hem, yn­sa­nyň ýa­kyn ýol­da­şy ha­sap­lan­ýan at­lar ba­ra­da su­ra­ta dü­şü­ri­len film­le­riň sa­ny ju­da köp. Ki­no­nyň dö­rän il­kin­ji ýyl­la­ryn­da ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa­çy­lar at ça­py­şyk­la­ry­na haý­ran gal­mak bi­len syn edip­dir­ler.

Plýon­ka dü­şü­ri­len şe­kil­le­riň il­kin­ji­le­ri­niň bi­ri hem ça­pyp bar­ýan atyň şe­ki­li bo­lup­dyr. Ine, in­di bir asyr­dan gow­rak wagt ge­çen­den soň hem ki­no­çy­la­ryň be­de­wiň ça­py­şy­na bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy pe­se­le­nok.
Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ta­ry­hy, gö­zel­li­gi, aja­ýyp hä­si­ýet­le­ri ba­ra­da örän köp ýa­zy­lyp­dyr we aý­dy­lyp­dyr. Köp san­ly ma­ka­la­la­ryň, yl­my iş­le­riň, ede­bi we saz, şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty eser­le­ri­niň aw­tor­la­ry aja­ýyp be­dew­ler ba­ra­da­ky buý­sanç­la­ry­ny öz­le­ri­çe be­ýan edip­dir­ler. Bu iş­den ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa­çy­lar hem çet­de gal­ma­dy­lar. Beý­le­ki ýurt­la­ryň ki­no sun­ga­tyn­da bol­şy ýa­ly, türk­men ki­no­la­ryn­da-da be­de­wiň was­py aý­ra­tyn uly or­na eýe­dir. Is­len­dik türk­men ki­no­sy­na ser sa­la­nyň­da-da mu­nuň şeý­le­di­gi­ne göz ýe­tir­mek bol­ýar. Türk­men ki­no sun­ga­ty­nyň we­kil­le­ri at­çy­ly­gyň we be­dew­le­re baş öw­ret­me­giň dür­li mek­dep­le­ri­ne, yn­sa­nyň we atyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­na ba­gyş­la­nan köp san­ly do­ku­men­tal we çe­per film­le­ri dö­ret­di­ler. Mu­ňa my­sal hök­mün­de türk­men ki­no sun­ga­ty­nyň il­kin­ji film­le­rin­den bo­lan “La­çyn” ki­no­fil­mi­ni gör­kez­mek bo­lar. Ady ag­za­lan bu fil­miň iň esa­sy mow­zu­gy at ba­ra­da­dyr. Il­kin­ji su­ra­ta dü­şü­ri­len ki­no­la­ryň ýe­ne bi­ri-de “Um­bar” bo­lup, 1936-njy ýyl­da taý­ýar­la­nan şol ki­no­da Gar­la­waç at­ly ahal­te­ke aty ba­ra­da söh­bet açyl­ýar. Şol san­da uly iliň söý­gü­si­ni ga­za­nan, 1972-nji ýyl­da su­ra­ta dü­şü­ri­len “Me­niň dos­tum – Me­le­guş” fil­mi-de türk­men be­de­wi­niň öz­bo­luş­ly was­py­ny ed­ýär. Ga­ly­ber­se-de, “Aý­gyt­ly ädim”, “Mag­tym­gu­ly”, “Mu­ka­myň sy­ry”, “Yk­bal”, “Ja­dy­ly hün­ji ha­kyn­da er­te­ki” ýa­ly film­le­riň kä­bir epi­zod­la­ryn­da türk­me­niň mil­li buý­san­jy bo­lan be­dew­le­ri­mi­ze, ola­ryň gör­ke­zen gah­ry­man­çy­lyk­ly sah­na­la­ry­na duş gel­mek bol­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da-da “Dost we­pa­sy”, “Ýyl­dyz­lar öç­me­ýär”, “Se­ýis”, “Türk­men kö­li” ýa­ly film­ler­de türk­me­niň uçar ga­na­ty­nyň was­py ýe­ti­ril­ýär.
“ME­NIŇ DOS­TUM ME­LE­GUŞ” Ady ag­za­lan bu film 50 ýy­la go­laý wagt bä­ri türk­men ki­no muş­dak­la­ry­ny özü­ne ma­ýyl edip gel­ýär. 1972-nji ýyl­da Mu­ham­met Sö­ýün­ha­no­wyň re­žiss­ýor­lyk et­me­gi­nde su­ra­ta dü­şü­ri­len bu film türk­men ki­no sun­ga­ty­nyň meş­hur eser­le­ri­niň bi­ri­dir. Türk­me­niň mil­li buý­san­jy bo­lan ahal­te­ke be­de­wi­ne bo­lan söý­gü­si­ni wasp ed­ýän film­de Ka­ka­jan Aşy­row, Ak­my­rat Bä­şi­mow, Dur­dy Sa­pa­row ýa­ly meş­hur ar­tist­ler dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Film­de Al­ty at­ly ýi­gi­diň Me­le­guş at­ly ata bo­lan söý­gü­si giň­den be­ýan edil­ýär.

“SE­ÝIS” 2013-nji ýyl­da Oguz­han adyn­da­ky “Türk­men­film” bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ri­len film­de bir ýa­şu­ly­nyň we onuň ag­ty­gy­nyň be­dew­le­re bo­lan söý­gü­si ba­ra­da söh­bet açyl­ýar. Film­de ýa­şu­ly­nyň ag­ty­gy­nyň at­şy­nas, ök­de ça­pyk­su­war bol­ma­gy üçin ed­ýän ala­da­sy be­ýan edil­ýär. Film­de ýa­şu­ly­nyň keş­bi­ni Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Öwez Ge­le­now jan­lan­dyr­ýar. Şeý­le-de Be­genç Al­la­ber­di­ýew bi­len Nur­gö­zel Aman­gel­di­ýe­wa ýa­ly ýaş ar­tist­ler hem film­de su­ra­ta düş­ýär.