Beýik Britaniýanyň Portsmut uniwersitetiniň alymlary atlaryň ynsanyň ýüz keşbini ýatda saklamaga ukyplydygyny anykladylar. Barlag geçirijileriň pikiriçe, bu ýagdaý atlara howp abandyrýan adamlary seljermäge mümkinçilik berýär. Bu nazaryýet birnäçe atlaryň gatnaşmagynda geçirilen synagyň netijesinde tassyklandy.
Atlara ýüzlerinde dürli gyňyr duýgulary ýüze çykarýan adamyň suratlaryny görkezipdirler. Birnäçe sagatdan soň atlaryň ýanyna suraty görkezilen şol adam peýda bolup, ýüz-gözünde hiç hili ters duýgy ýüze çykarmandyr. Şonda atlaryň suratdaky gören gyňyr ýüzli adama ynamsyzlyk bilen garandyklary belli bolupdyr. Barlaglaryň awtorlarynyň pikiriçe, atlaryň şunuň ýaly hüý-häsiýeti, özlerine abanýan howplary ýüze çykarmagyna ýardam edýär.