Nor­we­gi­ýa­ly bio­log­lar at­la­ryň haý­sy­dyr bir pi­kir­len­me­k ukybynyň bar­dy­gy­ny hem-de kes­git­li bol­ma­dyk yşa­rat­la­ry ula­nyp, eýe­sin­den özü­ne se­ren­jam be­ril­me­gi­ni ha­ýyş edip bil­ýän­di­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy­lar. Bu ba­ra­da “App­li­ed Ani­mal Be­haviour Science” at­ly žur­nal­da mä­lim edil­ýär. At­la­ryň aňy alym­la­ryň we at­şy­nas­la­ryň ara­syn­da uzak wagt­dan bä­ri dür­li-dür­li ga­ra­ýyş­la­ry dö­re­dip gel­ýär.
My­sal üçin, XX asy­ryň baş­la­ryn­da Ger­ma­ni­ýa­da ha­sap-he­si­be dü­şün­ýän “Akyl­ly Gans” ady bi­len ta­nal­ýan at bo­lup­dyr. Bu atyň aňyn­da arif­me­ti­ki amal­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rip, ma­te­ma­tik me­se­le­le­ri çö­züp, ber­len so­rag­la­ra dog­ry jo­gap be­rip bil­şi, köp­le­ri geň gal­dy­ryp­dyr. Köp­çü­li­giň öňün­de çy­kyş eden bu at, ge­rek­li sa­na toý­na­gy bi­len ka­kyp, so­rag­la­ra ta­kyk jo­gap be­rip­dir.
Şon­da skep­tik­ler atyň ha­ky­kat­da sa­na­ma­ýan­dy­gy­ny, di­ňe eýe­si­niň bil­nik­siz be­ren giz­lin ala­mat­la­ry­ny “okan­dy­gy­ny” öňe sü­rüp, onuň öz­bo­luş­ly akyl ukyp­la­ry­ny in­kär e­tmäge synanyşypdyrlar. On­dan soň­ky ýyl­lar­da şu­ňa meň­zeş ukyp­lar ýü­ze çy­ka­ryl­sa-da, alym­lar ola­ryň bar­dy­gy­ny in­kär edip ýa-da do­ly su­but edip bil­me­di­ler.
Os­lo­da­ky Nor­we­gi­ýa we­te­ri­na­ri­ýa ins­ti­tu­tyn­dan Se­si­liýa Meý­dell we onuň kär­deş­le­ri at­la­ryň ha­ky­kat­dan hem haý­sy­dyr bir abst­rakt pi­kir­le­niş uky­by­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ola­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, at­lar öz is­leg­le­ri­ni daş-tö­we­re­gin­dä­ki­le­re ýe­tir­mek üçin yşa­rat­la­ry nä­hi­li ulan­ma­ly­dy­gy­ny bil­ýär­ler.