At türk­me­niň ga­na­ty. At türk­me­niň buý­san­jy. Türk­me­niň sa­zy, ha­ly­sy, ahal­te­ke aty… türk­me­ni mil­let hök­mün­de dün­ýä ta­na­dan mu­kad­des­lik­ler­dir. Ha­wa, şu mu­kad­des­lik­ler müň­ler­çe ýyl­lap türk­me­niň ady­ny, ab­ra­ýy­ny dün­ýä ýa­ýyp gel­di, türk­me­ni dün­ýä ta­nat­dy. Türk­me­niň ahal­te­ke aty müň­ýyl­lyk­la­ra uzap gid­ýän kä­mil­lik ýo­lu­ny ge­çip­dir. Türk­men hal­ky göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­lar­dan alyp gaýd­ýan ta­ry­hyn­da özü­niň eý gö­ren, ýa­kyn ha­sap­lan be­de­wi­ni buý­sanç bi­len go­rap, kä­mil­leş­di­rip, asyr­lar­dan-asyr­la­ra, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çi­rip ge­lip­dir. Türk­men top­ra­gyn­da ke­ma­la ge­len ahal­te­ke be­de­wi te­bi­gat­da yn­sa­nyň zäh­me­ti we ze­hi­ni bi­len dö­re­dil­ýän güý­jüň, sag­dyn­ly­gyň we gö­zel­li­giň sim­wo­ly­dyr.
Ha­wa, hal­ky­myz dün­ýä meş­hur at­la­ry dö­re­dip­dir. At edi­nen adam­lar ata-ba­ba­la­ry­myz­dan onuň sak­la­ny­ly­şy, ide­di­li­şi, se­ýis­le­ni­şi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry alyp­dyr­lar, ola­ryň syr­la­ry­ny öw­re­nip­dir­ler. “Atym bar – ga­na­tym bar”, “At agy­nan ýer­de toý bo­lar”, “Atyň bar­ka ýol ga­zan, ataň bar­ka – dost” di­ýen ýa­ly halk na­kyl­la­ryn­dan ugur alyp, ata baş öw­re­dip­dir­ler. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň boý­nu­nyň uzyn­dan in­çe bol­ma­gy­ny ga­zan­mak üçin ot-iý­mi ýö­ri­te ga­zy­lan çu­kur­lar­da ber­lip­dir. “To­hum at­lar men­zil geç­di­gi­sa­ýyn gu­jur­lan­ýar­lar” di­ýip, at­şy­nas­lar bel­le­ýär­ler. Meş­hur ital­ýan sy­ýa­hat­çy­sy Mar­ko Po­lo bol­sa be­dew at­la­ry­nyň toý­nak­la­ry ba­ra­da: “Olar şeý­le bir berk we­lin tap­la­ma­gyň hem ze­rur­ly­gy ýok” di­ýip, haý­ran gal­mak bi­len ýaz­ýar.
Sö­zü­mi­ziň şu ýe­rin­de bir wa­ka­ny ýat­lap geç­sek has ýer­lik­li bo­lar. 1945-nji ýyl­da Be­ýik Ýeň­şiň ga­za­nyl­ma­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek da­ba­ra­da ýaň­lan­jak üf­le­nip ça­lyn­ýan saz gu­ra­ly­nyň rit­mi­ne owa­za duý­gur at ge­rek bo­lup­dyr. Mu­nuň üçin iň go­wy be­dew­le­riň on sa­ny­sy saý­la­nyp alyn­sa-da, des­lap­dan iň­lis aty göz öňün­de tu­tu­lan eke­ni. Tür­gen­le­şik uza­ga çe­kip­dir. Har­by or­kestr hem marş sa­zy­ny wal­sa çal­şyp, dynç al­mak­çy bo­lup­dyr. Bir­de­nem, agy­lyň ger­me­win­den meý­dan­ça ak be­dew bö­küp dü­şüp­dir. Sa­zy diň­le­ýän my­sa­ly bi­raz sä­gi­nip, ol wal­syň owa­zy­na pyr­la­nyp baş­lap­dyr. Hem­me­ler haý­ran gal­mak­dan ýa­ňa do­ňup ga­lyp­dyr­lar. Şo­ba­da bu tä­sin, şöh­rat­ly, saz­sö­ýer be­dew se­çi­lip al­nyp­dyr. Mar­şal G. K. Žu­ko­wyň ak reňk­li Ara­ba at­la­nyp Ýe­ňiş pa­ra­dy­ny ka­bul et­me­gi bol­sa aý­ra­tyn buý­sanç­ly wa­ka­dyr. 2010-njy ýyl­da Be­ýik Ýeň­şiň 65 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Mosk­wa­da gu­ra­lan har­by pa­ra­dyň ba­şy­ny 1945-nji ýyl­da ge­çi­ri­len pa­rad­da mü­nü­len Ara­byň gö­nü­den-gö­ni nes­li bo­lan ahal­te­ke aty Gy­ra­tyň çek­me­gi ýat­da ga­ly­jy pur­sat­la­ryň bi­ri bol­dy.
“Gö­rog­ly” epo­syn­da Gy­ra­tyň was­py ese­riň tu­tuş için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Mu­ňa meş­hur “Gö­rog­ly” epo­sy­ny oka­ny­myz­da-da göz ýe­tir­mek bol­ýar. Gah­ry­man­çy­lyk­ly epo­sy­myz “Gö­rog­ly­da” Gy­rat Gö­rog­la tä öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li at we­pa­dar­ly­gy bi­len hyz­mat ed­ýär. Epos­da edil Gö­rog­ly­nyň baş gah­ry­man bol­şy ýa­ly, Gy­ra­tyň keş­bi hem boý­dan-ba­şa il­kin­ji orun­da go­ýul­ýar. Gö­rog­la “Per­zent di­le­me­dim, se­ni di­le­dim” diý­di­rip bi­len be­dew­le­ri­mi­ziň şöh­ra­ty dün­ýä do­lup­dyr.
Be­dew türk­men hal­ky üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak baý­lyk bo­lup, hal­ky­my­zyň hem ýol­da­şy, hem syr­da­şy bo­lup­dyr. Türk­men aty­ny al­tyn-kü­müş bi­len be­zäp­dir. Ýer ýü­zün­dä­ki jan­dar­la­ryň hiç bi­ri­si hem türk­men be­de­wi ýa­ly be­zel­ýän däl­dir. Türk­men iň bir mu­kad­des, buý­sanç­ly zat­la­ry­na ba­gyş­lap saz dü­zen­dir. Türk­men halk saz­la­ry­nyň ara­syn­da “Be­dew”, “At­ça­par”, “Gö­rog­ly­nyň at oý­na­dy­şy” ýa­ly, be­dew bi­len bag­la­ny­şyk­ly dö­re­di­len saz­la­ram bar.
Türk­me­niň ahal­te­ke aty duý­gur­dyr, buý­sanç­ly­dyr. Türk­me­niň çyn ahal­te­ke be­dew­le­ri edil adam ýa­ly syz­ýan­dyr, yn­san ki­min dos­tu­ny-duş­ma­ny­ny ta­na­ýan­dyr. Yn­san ki­min syz­ýan, yn­san bi­len gö­wün­deş gop­ýan türk­men be­de­wi­niň yk­ba­ly hä­zir­ki wagt­da has-da Ar­şa gal­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ahal­te­ke at­la­ry­nyň ga­dyr-gym­ma­ty­ny, şöh­ra­ty­ny has-da ýo­ka­ry gö­ter­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýär. Türk­men hal­ky hä­zir­ki Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li mu­kad­des­lik­ler my­na­sy­bet­li toý tut­ýar. Ýur­du­myz­da Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my hem döw­let de­re­je­sin­de uly tu­tum bi­len toý­lan­ýar. Hal­ky­myz asyr­la­ryň do­wa­myn­da aýap, go­rap, kä­mil­leş­di­rip, şan-şöh­ra­ta bes­läp ge­len be­dew­le­ri­niň to­ýu­ny toý­la­ýar. Hal­ky­myz Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­ny da­ba­ra bi­len bel­leýär. Türk­men top­ra­gyn­da “Bedew”, “At­ça­par”, “Gö­rog­ly­nyň at oý­na­dy­şy” ýa­ly türk­me­niň halk saz­la­ry bat­ly ýaň­la­nýar, at çap­dy­ry­lyp, al­tyn ga­bak at­dy­ry­lýar. Be­dew­ler uly-uly ýa­ryş­la­ra goý­be­ri­lip, se­ýis­le­re, ça­pyk­su­war­la­ra uly-uly baý­rak­lar gow­şu­ry­lýar. Goý, eziz Di­ýa­ry­my­zyň be­dew ba­dy hiç ha­çan gow­şa­ma­syn, ýur­du­my­zyň üm­zü­gi di­ňe öňe bo­lup, toý­la­ry he­mi­şe to­ýa ulaş­syn! Il-hal­ky­my­zyň döw­le­ti ba­ky ber­ka­rar bol­sun, ag­zy­bir­lik, mer­te­be, güýç-kuw­wat hal­ky­my­za ba­ky ýar bol­sun!

Gur­ban­gel­di An­na­ýew,
“Za­man-Türk­me­nis­tan”.