Atyň göz­le­ri he­mi­şe özü­niň çuň­lu­gy we mäh­rem­li­gi bi­len haý­ra­na goý­up, uly göz­le­ri bilen beýleki jandarlardan ta­pa­wut­lan­ýar. At­la­ryň gö­rüş uky­by, özü­ni alyp bar­şy we ola­ryň ýyn­dam­ly­gy bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Atyň gö­zi köp san­ly iri jandar­la­ryň – pil­le­riň, kit­le­riň göz­le­rin­den has ulu­dyr. At­la­ryň gö­rüş bur­çy, tak­my­nan, 360 de­re­je, se­bä­bi göz­ler kel­lä­niň gy­ra­la­ryn­da ýer­leş­ýär. At­lar ar­ka ta­ra­pyn­da­ky he­re­ke­ti ýa-da zat­la­ry gö­rüp bil­ýär­ler. Atlaryň bu aý­ra­tyn­ly­gy duş­ma­nyň daş keş­bi­ni öňün­den duý­ma­ga we ha­las bol­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. At­laryň gi­je­le­ri­ne aýyl-sa­ýyl görüp, gü­neş­li gün­le­re ga­ra­nyň­da, bu­lut­ly gün­ler­de has go­wy gör­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Şeý­le-de bol­sa, at­lar adam­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de ýag­ty­ly­gyň duý­dan­syz üýt­ge­me­gi­ne, az uý­gun­laş­ýar­lar.
Bulardan başga-da, at­la­ryň öz­bo­luş­ly reňk saý­ga­ryş uky­by­na eýe­di­gi tas­syk­la­nyl­ýar. Alym­lar at­la­ryň ala­ga­raň­ky­da hem reňk­le­ri saý­gar­ma­ga ukyp­ly­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler. At­la­ryň reňk­li saý­ga­ry­şy­ny aý­dyň­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Şwe­si­ýa­nyň Lund uni­wer­si­te­ti­niň we Oba ho­ja­lyk ylym­la­ry uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri at­lar­da sy­nag ge­çi­rip­dir­ler. Ne­ti­je­de, bio­log­lar at­la­ryň gi­jä­niň ümüş-tam­şyn­da hem kä­bir reňk­le­ri saý­gar­ma­ga ukyp­ly­dy­gy­ny anyk­lap­dyr­lar. At­lar adat­ça, reňk­li gö­rüş bo­ýun­ça adam­dan on­çak­ly ta­pa­wut­lan­ma­ýan eken. Kä­bir alym­lar bol­sa, ala­ga­raň­ky­da özü­ne ta­rap eňip gel­ýän ýyr­ty­jy­ny gör­mek uky­by­nyň reň­ki saý­gar­mak­dan has wa­jyp bo­lan­ly­gy üçin, at­la­ryň gi­je­si­ne ga­ra-ak reňk­li gö­rü­şe geç­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar­lar.