Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe şu ýylyň sentýabr aýynda Kuba döwletine özüniň ilkinji saparyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada “Kiodo” habarlar gullugy habar berýär.
Bu sapar amala aşyrylan halatynda, ol ýapon lideriniň Kuba birinji sapary bolar. Onuň barşynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, ýapon kompaniýalarynyň Kubanyň senagat pudagynda maýa goýum taslamalaryny özleşdirmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bu saparyny sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmak üçin ABŞ-a amala aşyrjak sapary bilen birleşdirmekçi. 2015-nji ýylda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Fumio Kisida Kubada saparda boldy. Ol hem bu döwlete sapara gelen Ýaponiýanyň ilkinji daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy boldy.