Soňky wagtlarda goşar sagatlarynyň smartfonlar bilen sazlaşykly işleýän görnüşleriniň onlarçasy peýda boldy. Bu enjamlar telefona seretmezden gelen jaňa jogap bermäge, smartfonyň birnäçe programmasyny aňsatlyk bilen dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Goşara dakylýan has kiçi bileklikler bolsa, ýöremek, ylgamak, uklamak ýaly gündelik hereketleriňi görmäge mümkinçilik berýär. “Huami” şereketi bolsa, “Amazfit X” atly täze goşar sagadyny tanyşdyrdy. Bu enjam kiçiligi we egri ekrany bilen tapawutlanýar. Bu dizaýn hem sport bilen meşgullanylanda, hem-de gündelik durmuşda ulanmaga mümkinçilik berýär. 92 dereje egri bolan ekran goşara dolanyp, eliňe ykjam oturýar. Sagadyň 206×640 piksel durulygyndaky 2,07 dýuýmlyk AMOLED ekrany bar. Dürli hereketleriň hasabyny hem ýöredýän enjam suwuň 50 metr çuňlugyna çenli bökdençsiz işleýär. Zarýady bir hepdä ýetýän sagadyň agramy 39 gram. Bahasy 149 dollar bolan sagat awgust aýynda satuwa hödürlener.