Polşada meýilleşdirilýän Prezident saýlawlary 12-nji iýulda poçta arkaly geçiriler. Ýurduň parlamenti gaýybana ses bermek baradaky kanun taslamasyny tassyklady, ýöne dolandyryjy bileleşik “Hukuk we adalat” 10-njy maýa bellenen Prezident saýlawlarynyň senesini yza süýşürmek kararyna geldi. Polşanyň Prezidenti Anjeý Duda döwlet baştutanynyň saýlawlarynyň Respublikada bellenilen wagtda geçiriljekdigine umyt bildirdi.
– Watanymyzy döwrebaplaşdyrmak işini dowam etdirmek isleýärin – diýip, Prezident aýtdy.
Saýlawlar boýunça pikir soralyşyklarda häzirki döwlet Baştutany ynamly öňde barýar. Synçylar saýlawçylaryň takmynan 60%-iniň häzirki Prezident Anjeý Dudany goldamaga taýýardygyny bellediler. Döwlet baştutany wezipesine alty dalaşgär bar. Dolandyryjy “Kanun we adalat” partiýasynyň lideri Ýaroslaw Kaçinskiniň tabşyrygy bilen taýýarlanan poçta arkaly saýlawlary geçirmegiň tertibi Polşanyň Seými (parlament) tarapyndan aprel aýynyň başynda tassyklandy. Polşanyň Premýer-ministri Mateuş Moraweskiý gaýybana saýlawlaryň howpsuzdygyny mälim edip, senatorlary bu teklibi goldamaga çagyrdy.