“Google” kompaniýasynyň hünärmenleri “Play Store”-lar üçin täze aýratynlygy synagdan geçirip başladylar. Şeýlelikde, “Android” amaly ulgamly enjamlaryň elektron dükany bolan “Play Store” üç sany täze “süzgüç” goşuldy. Bu aýratynlyk ulanyjylara gerek zadyny aňsatlyk bilen gözläp tapmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda “Google Play Store”-da millionlarça applikasiýa bar. Şol sebäpli ulanyjy özüne gerek zadyny ýazanynda meňzeş atly onlarça programma çykýar. Bu bolsa, özüňe gerek zady tapmakda kynçylyk döredýär. Täze goýlan aýratynlyklar “bahalandyrma”, “redaktoryň saýlawy” we “täze goşulan” görnüşinde üçe bölünýär. Bulary aýratynlykda-da, ählisini birwagtda hem ulanyp bolýar. Ulanyjy ozalkysy ýaly bulary saýlamazdan hem gözleg edip bilýär. “Baha bermek” saýlananda, ozal bu programmany göçürip alan ulanyjylaryň beren bahasyna görä gözläp bolýar. Mysal üçin “4+” ýa-da “4,5+” ýaly. “Redaktoryň saýlawy” saýlananda bolsa, maslahat berilýän programmalar çykýar. “Täze goşulan” saýlananda, iň soňky goýlan programmalary ilki çykarýar. Şeýlelikde, ulanyjy täzelikde nähili programmalaryň çykandygyny hem görüp bilýär.
Häzirki wagtda bu aýratynlyk hemme ulanyjylar üçin elýeterli däl. Ol belli bir wagt synagdan geçirilenden soňra ähli “Android” ulanyjylaryna elýeterli ediler.