Hytaýyň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatynda tebigy gaz ýatagy ýüze çykaryldy. Hytaýyň Milli nebit we gaz korporasiýasynyň (CNPC) habar bermegine görä, gaz ýatagy Siçuan çöketliginiň merkezi böleginde ýerleşýär. Onuň bolaýmagy mümkin ätiýaçlyklarynyň uludygy çaklanylýar. Geologik gözlegde bu möhüm öňegidişlik welaýatyň Dain etrabynyň Tianbao obasynyň çäginde gazanyldy. Şol gün 6376 metr çuňlugy bolan “Pentan-1” guýusyndan gaz çykaryldy.
CNPC korporasiýasynyň garamagyndaky Günorta-günbatar nebit we gaz kompaniýasy özüniň ýokary gaz ätiýaçlyklary bilen tapawutlanýar. Kompaniýa ýurduň günorta-günbataryndaky müňden gowrak iri we orta senagat kärhanalaryna, 20 million maşgala we 10 müňe golaý ýaşaýyş we jemgyýetçilik hyzmatlary guramalaryna gaz iberýär.