We­na dün­ýä­niň meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk şä­her­le­ri­niň ara­syn­da iň “ýa­şy­l” şäher diý­lip yk­rar edil­di. Hal­ka­ra “Re­so­nance Con­sul­tancy” kom­pa­ni­ýa­synyň hünärmenleri 50 şä­he­riň ho­wa­sy­nyň we su­wu­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň de­re­je­si­ni, ulag dyk­ny­şy­gy­ny, gök agaç­la­ry­ny we beý­le­ki ýag­daý­la­ry­ny de­ňeş­dir­diler. Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­ty köp ba­bat­da Mýun­hen­den, Mad­rid­den we San-Pau­la­dan öňe geç­di.
– We­na­nyň “ýa­şyl” şä­her­di­gi­ne he­mi­şe ynan­ýar­dyk. Çün­ki bu ýer­de meý­dan­ça­lar we se­ýil­gäh­ler köp. Du­naý der­ýa­sy­nyň üç go­la bö­lü­nip, onuň ke­nar­la­ry­nyň hem­me ýer­den ýa­şyl gö­rün­me­gi hem mu­ny tas­syk­la­ýar – di­ýip, ýer­li ýa­şaý­jylar aýd­ýarlar. Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­ty ener­gi­ýa­nyň 30%-ini tä­ze­len­ýän çeş­me­ler­den al­ýar. Ýa­şaý­jy­la­ryň deň ýa­ry­sy­nyň jem­gy­ýet­çi­lik ulagyna bir ýyl­lyk pe­tek­le­ri bar. Şä­he­riň öz mil­li se­ýil­gä­hi bar.
– We­na ha­ky­kat­da­nam owa­dan şä­her. Şä­he­riň 50%-den gow­rak çäk­le­ri­ni ýa­şyl zo­lak­lar eýe­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de eme­le ge­len ýag­daý se­bäp­li tä­ze we­lo­si­ped ýol­la­ry peý­da bol­ýar we py­ýa­da­lar üçin kä­bir ugur­lar açyl­ýar. Bu örän mö­hümdir. Şeý­le­lik­de, Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­ty hal­ka­ra reý­tin­gin­de öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Dün­ýä­de eme­le ge­len hä­zir­ki ýag­daý py­ýa­da ýö­re­ýän­ler üçin ýol­lar­da ýa­şyl ýer­le­riň bol­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ni ýe­ne bir ge­zek gör­kez­di – di­ýip, We­na­nyň wi­se-me­ri Bir­git He­beýn aýt­dy.