Iki aýdan soň Italiýada on dört sany döwlet muzeýi gaýtadan işe başlady. Bu barada Italiýanyň Medeniýet ministrligi habar berýär. Ilkinjileriň hatarynda Milli arheologiýa muzeýi, Materadaky orta asyr we häzirki zaman sungat muzeýi, Pestumdaky arheologiki seýilgäh we Rimdäki häzirki zaman sungat milli galereýasy bar. 19-njy maýda “Villa Borghese” galereýasy we Kapitolini goşmak bilen Rim muzeýleri açyldy.
Muzeý edaralarynyň köpüsiniň 18-nji maýda açylmagyna rugsat berilse-de, 2-nji iýuna, Italiýanyň milli baýramçylygy bolan Respublika gününe çenli yza süýşürildi. “Scuderie del Quirinale” zalynda Rafaeliň sergisiniň ikinji açylyşy meýilleşdirilýär. Sergi 30-njy awgusta çenli uzaldylar.
Florensiýadaky Uffisi galereýasynyň ýolbaşçylary 21-nji maýda Boboli baglarynyň açylandygyny habar berdiler. Wenesiýadaky akademiýa galereýasy 26-njy maýda açylar. Aýyň ahyrynda Kolizeýa we Pompei toplumynyň açylmagy meýilleşdirilýär. Italiýanyň hökümeti 15-nji iýuna çenli teatrlaryň we kinoteatrlaryň açylmagyna rugsat bermegi meýilleşdirýär. Meýilleşdirilen çäreleriň arasynda şu wagta çenli diňe 2-12-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Wenesiýa film festiwalynyň senesinde hiç hili üýtgeşme bolmady.