Ýaponiýanyň demirgazyndaky Hokkaýdo şäherinde ösdürilip ýetişdirilýän gawunlaryň ilkinji hasyllary müşderilere ýetirildi. Ýubari atly gawunlar 120 müň ýenden (1100 dollar töweregi) satyldy. “Kyodo” agentliginiň habaryna görä, gawunyň ady onuň ösdürilip ýetişdirilýän ýeri bolan Ýubari etraby bilen bagly. Däbä görä bu ýerden alnan gawunyň ilkinji hasyly gymmat bahadan satylýar. Bu gawunlar geçen ýyllarda 1 million ýenden (9 müň dollardan gowrak) bahadan hem satylypdy.