Moldowa Respublikasynda 1-nji noýabrda Prezident saýlawlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu karar 21-nji maýda ýurduň Mejlisinde kabul edildi. Moldowa Respublikasynyň Sosialistik we Demokratik partiýalarynyň wekilleri häzirki Prezident Igor Dodonyň teklibini kabul etdiler. Şeýlelikde, maslahata gatnaşan 97 adamdan 50 wekil teklibi makullap, indiki Prezident saýlawlarynyň geçiriljek senesine ses berdiler.
“Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň ygtyýarlyk möhleti 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda tamamlanýar. Şunuň bilen baglylykda, Parlament Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň saýlanjak senesini kesgitlemeli. Şeýlelik bilen, 2020-nji ýylyň 1-nji noýabrynyň Parlamentiň karary bilen kesgitlenmegi teklip edilýär” diýlip, Kararyň taslamasynyň maglumat bölüminde bellenilýär.
Mundan ozalky Prezident saýlawy 2016-njy ýylyň 13-nji noýabrynda geçirilipdi. Igor Dodon şol ýylyň 23-nji dekabrynda döwlet Baştutany wezipesine girişipdi. Kanuna laýyklykda, Mejlis Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň saýlanjak senesini saýlaw gününden azyndan 60 gün öň kesgitleýär.
Bu karar 2020-nji ýylyň 15-nji awgustynda güýje girer.