Elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglaryň, motosiklleriň we welosipedleriň dürli görnüşleri bar. Birnäçe ýyldan bäri uçarlaryň hem şeýle görnüşleri peýda bolup başlady. Merkezi edarasy Singapurda ýerleşýän “Azura Marine” firmasy Gün energiýasy bilen işleýän “Aquanima 40” atly gaýygy tanyşdyrdy. Kuwwaty 60 kW/sagada barabar bolan batareýa bilen üpjün edilen gaýygyň üsti Gün panelleri bilen örtülipdir. Hünärmenler bu deňiz ulagyna tehniki ideg etmegiň hem aňsatdygyny belleýärler. “Aquanima 40” her günde 185 km ýol geçip bilýär. 8 orunlyk gaýyk elektrik energiýasy bilen işleýändigi sebäpli güýçli ses çykarmaýar. Ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilen ulagy zarýada goýmak hökman däl. Üstündäki paneller arkaly daşarynyň ýagtylygyndan alan energiýasy onuň hereket etmegi üçin ýeterlik.