22-28-nji maý ara­ly­gyn­da Pe­kin­de Mil­li halk kong­re­si­niň 13-nji ça­gy­ry­şy­nyň üçün­ji mej­li­si ge­çi­ril­di. Mej­li­siň gün ter­ti­bin­de Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let Ge­ňe­şi­niň Prem­ýer-mi­nist­ri Li Kes­ýa­nyň ýur­duň hö­kü­me­ti­niň 2019-njy ýyl­da alyp ba­ran iş­le­ri we 2020-nji ýyl­da ýur­duň so­si­al-yk­dy­sa­dy ösüş me­ýil­na­ma­sy ba­ra­da­ky ha­sa­ba­ty mä­lim edil­di. Fo­ru­myň üç mü­ňe go­laý we­ki­li Ýo­ka­ry halk ka­zy­ýe­ti­niň, pro­ku­ra­tu­ra­sy­nyň we Mil­li halk kong­re­si­niň he­mi­şe­lik ko­mi­te­ti­niň ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Mej­li­siň ga­ra­ma­gy­na bir­nä­çe ka­nu­nyň tas­la­ma­sy, şol san­da, hu­kuk ul­ga­my­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky ka­nu­nyň tas­la­ma­sy hö­dür­len­di. Mil­li halk kong­re­si­niň geç­ýän döw­rün­de ile­ri tu­tul­ýan esa­sy sy­ýa­sy ugur­lar we gel­jek ýyl üçin yk­dy­sa­dy mak­sat­lar kes­git­le­nil­di. Şo­nuň ýa­ly hem, de­pu­tat­lar ýur­duň so­si­al-yk­dy­sa­dy ösüş me­ýil­na­ma­sy­ny, býu­jet tas­la­ma­sy­ny ka­bul et­di­ler we beý­le­ki ka­nun­çy­lyk he­re­ket­le­ri­ne ga­ra­dy­lar. Mej­li­siň do­wa­myn­da Hy­ta­ýyň de­pu­tat­la­ry ga­za­ny­lan dur­muş-yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri we ýur­duň mun­dan beý­läk­ki ösü­şi­niň gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
As­lyn­da Mil­li halk kong­re­si­niň 13-nji ça­gy­ry­şy­nyň 3-nji mej­li­si­niň 5-nji mart­da açyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär­di. Ýö­ne ol kä­bir se­bäp­le­re gö­rä, 22-nji ma­ýa çen­li yza süý­şü­ril­di. Bü­tin Hy­taý halk we­kil­ler As­samb­le­ýa­sy ýur­duň iň ýo­ka­ry ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy (par­la­men­ti); HHR-iň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýurt­da iň ýo­ka­ry döw­let eda­ra­sy­dyr. Mil­li halk kong­re­si­niň dü­zü­mi­ne ýur­duň we­la­ýat­la­ryn­dan, aw­to­nom se­bit­le­rin­den, şä­her­le­rin­den saý­la­nan we­kil­ler gir­ýär.