“Com­pa­ri­sun” kon­sal­ting fir­ma­sy­nyň ha­sap­la­ma­la­ry­na gö­rä, “Ama­zon.com”-yň esas­lan­dy­ry­jy­sy we baş di­rek­to­ry Jeff Be­zo­syň baý­ly­gy 2026-njy ýyl­da 1 tril­li­on dol­lar­dan ge­çip bi­ler. Şeý­le­lik­de, ol dün­ýä­niň il­kin­ji tril­lio­ne­ri bo­lar. Dün­ýä­niň iň uly in­ter­net söw­da­sy­nyň baş­ly­gy, soň­ky wagt­da baý­ly­gy­nyň bir bö­le­gi­ni ýi­ti­re­n­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, iň baý adam bol­ma­gyn­da gal­ýar. “Com­pa­ri­sun” kon­sal­ting fir­ma­sy Nýu-Ýor­kuň bir­ža gaz­na­sy­nyň iň gym­mat 25 kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar ba­ha­sy­ny, şeý­le hem 25 baý ada­myň baý­ly­gy­ny sel­jer­di. Şon­dan soň hü­när­men­ler soň­ky bäş ýyl­da her iki gör­ke­zi­ji­niň or­ta­ça gö­te­rim ýo­kar­lan­ma­gy­ny ha­sap­lap, gel­jek­ki ösüş dep­gin­le­ri­ni çak­la­dy­lar.
Şon­dan ugur al­nyp, Be­zo­syň ak­tiw­le­ri­niň sap gym­ma­ty­nyň hem­me­le­riň­ki­den öňe ge­çip, 1 tril­li­on dol­la­ra ýet­jek­di­gi çak­la­nyl­dy. 2026-njy ýyl­da ol 62 ýa­şyn­da bo­lar. On­dan soň Hy­ta­ýyň iň uly iş­läp dü­zü­ji­le­rin­den bi­ri bo­lan “Everg­ran­de Group” to­pa­ry­nyň baş­ly­gy Sýuý Szýainiň (ýa-da Hu­eý Ka Ýan) baý­ly­gy­nyň ar­typ, 2027-nji ýyl­da 68 ýa­şyn­da­ka şeý­le de­re­jä eýe bo­lup bil­jek­di­gi aý­dyl­ýar. Hy­ta­ýyň in­ter­net ägir­di “Ali­ba­ba Group Hol­ding Ltd.”-niň baş­ly­gy Jek Ma 2030-njy ýyl­da 65 ýa­şyn­da üçün­ji or­ny eýe­läp bi­ler.
Ha­sa­bat­da dün­ýä­niň iň baý 25 ada­my­nyň di­ňe 11-si­niň öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li tril­lio­ner bol­mak müm­kin­çi­li­gi­niň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şeý­le hem, “Facebook Inc.”-iň esas­lan­dy­ry­jy­sy we baş­ly­gy Mark Su­ker­berg hem şo­la­ryň ha­ta­ryn­a gi­rip, 2036-njy ýyl­da 51 ýa­şyn­da­ka tril­lio­ner bol­jak­dy­gy çak edil­ýär.