Ýol gurluşygyndan çykýan zyýanly gazlar häzirki zaman tehnologiýasynyň ulanylmagy bilen iki esse azalar. Bu barada Şwesiýanyň Çalmers Tehnologiýa uniwersitetiniň hünärmenleri mälim etdiler. Olar ýol gurluşyk pudagynyň Şwesiýada we dünýäniň beýleki ýerlerinde kömürturşy gazynyň dörtden bir bölegini emele getirýändigini aýtdylar. Şwesiýanyň Gýoteborg şäherindäki Çalmers Tehnologiýa uniwersitetiniň barlag geçirijileri sekiz kilometr uzynlykdaky ýoluň gurluşygyny jikme-jik öwrenip, materiallaryň, önümçilik tehnologiýasynyň saýlanylmagyndan başlap, tä ulag üpjünçiligine çenli ähli ýagdaýlary göz öňünde tutup, 2045-nji ýyla çenli näçeräk zyňyndyny azaldyp boljakdygyny hasaplap çykardylar. Barlag geçirijiler Şwesiýanyň 44-nji awtomagistralynyň Lidçýoping bilen Şellbi sebitiniň arasynda gurluşygy 2019-njy ýylda tamamlanan sekiz kilometrlik ýol böleginde zyňyndylary azaltmak mümkinçiligine baha berdiler. Bu Şwesiýanyň Transport gullugynyň howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini we täsirini hasaplamak başardan ilkinji taslamalarynyň biri boldy. Barlag geçirijileriň bellemegine görä, ýangyjy az ýakýan ulaglaryň saýlanylmagy, asfalt we polat ýaly galyndylaryň gaýtadan ulanylmagy, ulanylýan materiallaryň peýdalylygy we gurluş optimizasiýasy, şeýle hem sement klinkerleriň betonda baglaýjy hökmünde çalşylmagy, howa goýberilýän zyýanly zyňyndylaryň derejesini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.