Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak babatda netijeli işler alnyp barylýar. Muňa türkmen wekiliýetleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen yzygiderli geçirýän wideomaslahatlary hem aýdyň şaýatlyk edýär.
4-nji iýunda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde geçirilen syýasy geňeşmelerde gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de onuň geljegi baradaky meseleler girizildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika, şeýle hem ulag-kommunikasiýa, bank-maliýe ulgamy, medeni-ynsanperwer ýaly strategiki ugurlarda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşdylar. Şunda işewür gatnaşyklary hem-de maýa goýum işlerini işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiligiň bardygy bellenildi.
Russiýa Federasiýasynyň sebitleri hem-de iri senagat we medeni merkezleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ikitaraplaýyn türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýurdumyz bilen Tatarystan Respublikasynyň, Sankt-Peterburgyň, Astrahan oblastynyň we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy görkezip bolar.
Onlaýn-duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugruna hem-de hormatly Prezidentimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygyň we durnuklylygyň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, sebitde ynanyşmak ýagdaýynyň kemala getirilmegine hem-de bütin dünýä derejesindäki meseleleriň parahatçylyk döredijilikli diplomatiýasy arkaly çözülmegine gönükdirilen netijeli halkara başlangyçlaryna ýokary baha berildi.
TÜRKMEN-TATAR
GATNAŞYKLARYNYŇ TÄZE DEREJESI
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ykdysady, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideomaslahat görnüşinde iş maslahaty geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, iş toparynyň altynjy mejlisiniň çözgütleriniň durmuşa geçirilişi baradaky meselelere garaldy, şeýle hem ýakyn geljek üçin özara hereket etmegiň ugurlary kesgitlenildi.
Maslahata gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşindäki uly üstünligi nygtadylar hem-de ähli ugurlar boýunça türkmen-rus gatnaşyklaryna oňat itergi berýän özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän yzygiderli duşuşyklaryň uly ähmiýetini bellediler.
NEBITGAZ ULGAMYNDA GIŇ HYZMATDAŞLYK
Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Italiýa Respublikasynyň “ENI” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýerine ýetiriji direktory Lukoý Wignati bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý. Kakaýew gatnaşdy.
Gepleşikleriň barşynda dünýäniň energetika bazarlarynyň ösüşinde häzirki ýagdaýy we ählumumy meýilleri nazara almak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasy öz netijelerini berýär. Ýurtda iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylyp, olar ykdysadyýetiň esasy pudagyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Şeýle hem gepleşikleriň barşynda “ENI” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň alyp barýan işleriniň oňyn tejribesi bellenildi. Bu kompaniýa öz işlerini “Nebitdag” şertnamalaýyn çäkde Önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşygyň çäklerinde amala aşyrýar.
Umuman, bularyň hemmesi italýan hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary, şol sanda döwrebap senagat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de hünär derejeli işgärleri taýýarlamak babatda gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär.