Gresiýanyň Daşky gurşaw we energiýa ministrligi “Gresiýa bir gezek ulanylýan plastikasyz” kampaniýasyna başlady. Ministr Kostis Hadzidakis täjirçilik däl guramalaryň meýletinçileri bilen birlikde, Attikanyň gündogaryndaky Shiniýanyň kenaryna geldi. – Bir gezek ulanylýan plastikadan daşlaşmak boýunça taslamalar bilen öňe barýarys – diýip, ol aýtdy. Ministrligiň metbugat gullugynyň habaryna görä, dokuz görnüşli plastmassa önümlerinden daşlaşylyp, olaryň arasynda iýmit gaplary, penopolistiroldan ýasalan bulgur, pagtaly çöpjagazlar, bir gezek ulanylýan naharhana serişdeleri, çarşaklar, pyçaklar, çemçeler, tabaklar, içgiler üçin turbajyklar bar.
Premýer-ministriň görkezmesi bilen Gresiýa 2021-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Ýewropa Bileleşiginiň degişli görkezmesini kanun taslamasyna goşar. Döwlet pudaklarynda bir gezek ulanylýan plastikany aradan aýyrmak işleri alty aý öň, ýagny 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlanar. Ministrlik deňze düşen plastik gaplaryny aradan aýyrmagy meýilleşdirýär. Plastik gaplara az mukdarda töleg girizilip, olary yzyna tabşyran her bir raýata pul berler. Ministr bir gezek ulanylýan plastikden dynmak we ekologiýa taýdan arassa alternatiwalara taýýarlyk görmek üçin bazara ýeterlik wagtyň berilýändigini aýtdy.
– Bir gezek ulanylýan plastikany aradan aýyrmak boýunça degişli jemgyýetçilik görkezmesini diňe Ýewropa Bileleşiginiň kadalary talap edýändigi sebäpli däl, eýsem, bu syýasata çuňňur ynanýandygymyz üçin durmuşa geçirýäris. Bu daşky gurşawy goramaga gönükdirilen “ýaşyl” syýasatdyr – diýip, Hadzidakis aýtdy. Şeýle kampaniýanyň başlandygyny yglan eden Hadzidakis, plastika bilen baglanyşykly meseläniň gerimini görkezýän sanlara salgylandy.
Ýewropada her ýylda 26 million tonnadan gowrak plastik galyndy toplanýar, şolaryň üçden bir bölegi gaýtadan işlenilýär. ÝB-niň maglumatlaryna görä, deňiz hapalarynyň 85%-i plastmassa. Deňiz hapalarynyň 50%-i bir gezek ulanylýan plastmassa, ýene-de 27 %-i balyk enjamlary. Gresiýada her günde, takmynan 1 million sany, ýylda bolsa 350 million plastik bulgur ulanylýar.