Gresiýa birnäçe ýyl mundan ozal, plastmassa sarp edilmegini çäklendirip başlady. 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap bolsa, daşky gurşawyň hapalanmagynyň esasy serişdeleriniň biri hökmünde sarp edilmegini çäklendirmek maksady bilen bir gezek ulanylýan ýuka plastik gaplara daşky gurşaw salgydyny girizdi. Her bir torba üçin goşmaça 4 ýewrosent tölemeli. Şol bir wagtyň özünde, döwlet olaryň ýok edilmegine we gaýtadan ulanylýan torbalaryň ulanylmagyna itergi berdi. 2019-njy ýylda supermarketlerde bir gezek ulanylýan plastik paketleriň bahasy 9 ýewrosente çenli gymmatlady.
Maglumatlara görä, ýurtda 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap sarp edilmegini çäklendirmek üçin birnäçe çäreler görülenden we daşky gurşaw salgydy girizilenden soň, Gresiýada bir ýarym ýyl bäri plastik paketleriň sarp edilmegi 80% azaldy.
ÝB-niň maglumatlaryna görä, takmynan, 11 million ilaty bolan Gresiýada 2010-njy ýyla çenli adam başyna 242 paket ulanylypdyr. Sarp edilýän önümleri öwreniş institutynyň maglumatlaryna görä, 2015-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň ortaça 175 pakedi bilen deňeşdirilende, Gresiýada adam başyna 363 paket düşüpdir. 2017-nji ýylda bolsa, Gresiýada her ýylda takmynan, 4,5 milliard ýa-da adam başyna ýylda 400 paket ulanylypdyr. 2015-nji ýyldaky maglumatlara laýyklykda, Gresiýanyň häkimiýetleri paketleriň ulanylyşyny 2020-nji ýylyň ahyryna çenli adam başyna 90-a (75%) we 2025-nji ýyla çenli 40-a golaý (90%) azaltmagy maksat edinýär.
Plastik paketler, gaplar, bulgurlar dünýäniň esasy ekologiýa meselesine öwrüldi – onlarça we ýüzlerçe ýyllardan soňra çüýreýändigi üçin, deňiz ekoulgamyna we guşlaryna düzedip bolmajak zyýan ýetirýär, deňizleri, kenarlary, tokaýlary hapalaýar. Alymlar her ýyl 4,8-den 12,7 million tonna çenli plastmassanyň ummanlara düşýändigini çaklaýarlar. Ekologiýa hünärmenleriniň pikiriçe, Ortaýer deňzi “plastmassa gark bolýar”, ol ýerdäki balyklaryň dörtden birinde plastik galyndylar bolup biler. Gresiýadaky deňziň hapalarynyň ýarysy polietilen paketlerden ybarat. Polietilen paketleri deňziň düýbünden ýygnamagyň gymmaty, onuň önümçiliginden 10 esse köp. Plastik paketleriň diňe 1%-i gaýtadan işlenilýär.