Ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek ame­ri­kan işe­wü­ri Ilon Mas­kyň hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­sy “SpaceX”-iň pi­lot­ly kos­mos uçu­şy ama­la aşy­ryl­dy. 31-nji maý­da ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­ty­nyň Ka­na­we­ral bur­nun­dan bor­tun­da ABŞ-nyň astro­nawt­la­ry Bob Ben­ken we Dag Her­li bo­lan “Crew Dra­gon” älem gä­mi­si as­ma­na gö­te­ril­di. In­di astro­nawt­lar dört aý­lap Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de iş­lär­ler. “Crew Dra­gon” gä­mi­si­ni or­bi­ta çy­ka­ran ra­ke­ta­nyň bol­sa, de­ňiz­dä­ki plat­for­ma gaý­dyp ge­len­di­gi we onuň gaý­ta­dan ula­nyl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp we wi­se-pre­zi­dent Maýk Pens bu ta­ry­hy wa­ka to­ma­şa et­di­ler. Bu ABŞ-da 9 ýyl­dan soň il­kin­ji pi­lot­ly uçuş­dyr: 2011-nji ýy­lyň iýul aýyn­da “At­lan­tik” kos­mos gä­mi­si iň soň­ky sa­par ýe­re go­nup­dy. Şeý­le hem, bu hu­su­sy kos­mos kom­pa­ni­ýa­sy­nyň il­kin­ji adam­ly uçuş­ydyr.
Hä­zi­re çen­li eki­pa­žy gat­nat­mak di­ňe Rus­si­ýa­nyň “So­ýuz” kos­mos gä­mi­le­ri we ra­ke­ta­la­ry ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar­dy. NA­SA-nyň ha­ba­ry­na gö­rä, bor­tu­na 7 ada­ma çen­li ýer­leş­di­rip bil­ýän, “Dra­gon”-yň uçu­ryl­ma­gy ep-es­li ar­zan bo­lar.