Kengurularyň boýy iki metre, agramy ortaça 90-100 kilograma ýetýär. Onuň çagasy dünýä inenden soňra 9 aýlap öňündäki jübüsinden çykmaýar. Kiçijik kengurunyň gözi dünýä inenden dört aýdan soňra açylýar. Bäş aýdan soňra bolsa, ol kellesini çykaryp, daş-töwerege syn edip başlaýar. Bu döwürde kiçijik kengurunyň tüýleri çykýar. Ene kenguru çagasyna otlaýan, suw içýän ýerlerini görkezýär. Çaga kengurunyň içinde oturýan jübüsi çaga arabajyklaryna meňzeýär. Ene kenguru haýsydyr bir howpa duçar bolsa, çagasyny bir ýerde bukup goýup, beýleki tarapa gaçýar. Şeýlelikde, duşmanyň ünsüni sowýar. Bu jandarlar sagatda 56 km tizlik bilen ylgaýarlar. Howp abanmasy aýrylandan soňra çagasynyň ýanyna gelýär. Bu jandarlar uzak aralyga bökýänligi we gaty ylgaýanlygy bilen tapawutlanýar. Tebigy şertlerde diňe Awstraliýadaky çöllerde we düzlüklerde ýaşaýan kengurular ýokarlygyna 1,8 metr, öňe 7,6 metr töweregi aralyga bökýärler.