Käbir harytlar uzak ýyllaryň dowamynda öz gymmatyny ýitirmeýär. “Nokia” kompaniýasynyň telefonlary hem şeýle. Häzirki wagtda “Nokia” brendi bilen telefon çykarmaga hukugy bolan “HMD Global” şereketi 2007-nji ýylda çykarylan we müşderileriň göwnünden turan “5310 XpressMusic” telefonynyň täze görnüşini taýýarlaýar. Kompaniýa bu smartfonyň müşderileriň arasyna täzelenen görnüşde dolanyp geljekdigini mälim etdi. “Nokia 5310”-yň 240 x 320 piksel durulygynda 2,7 dýuýmlyk gyrasy egri ekrany bar. Iki simkart oturdyp bolýan telefonyň 2G aýratynlygy bar. Içki ýady 16 MB bolan telefona çip hem oturdyp bolýar. Esasan, aýdym-saz diňlemegi halaýanlar üçin niýetlenen enjamyň iki tarapyndaky düwmeler aňsatlyk bilen dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Iki sany ses gataldyjysy bolan mobil enjamda FM radio hem bar. Telefonyň aýryp bolýan batareýasy 7,5 sagat gepleşmäge mümkinçilik berýär. Täze “Nokia 5310”-yň 39 ýewrodan satuwa çykaryljakdygy aýdylýar.