Niderlandlar Patyşalygynyň “Avantium” şereketi ösümlikden alnan materiallardan daşky gurşaw üçin arassa gaplary öndürmegi maksat edinýär. Bu taslama dünýäniň içimlik suwlaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalara hem goldaw berýär. Bu iş netije beren ýagdaýynda plastik çüýşeleriň ekologiýa taýdan arassa görnüşleri peýda bolar. Her ýyl 300 million tonna töweregi plastmassanyň uly bölegi çig nebitden öndürilýär.
“Avantium” şereketiniň hünärmenleri ösümliklerden alnan şekerleri ulanyp, ekologiýa taýdan arassa bioplastiki çüýşeleri öndürmegiň usulyny döredendigini aýdýarlar. Şereketiň ýolbaşçylary daşky gurşaw üçin zyýansyz çüýşeleriň 2023-nji ýyla çenli dükan tekjelerinde peýda boljakdygyny aýdýar.