Golaýda Beýik Britaniýanyň ykdysady barlag we seljeriş topary “Economist Intelligence Unit”-iň hünärmenleri “2020 Worldwide Cost of Living Survey” (Dünýäde ýaşaýşyň bahasynyň barlaglary) sanawyny düzüp, ýaşaýşyň gymmat bolan şäherlerini kesgitlediler. Sanaw iki ýyldan bir gezek çap edilip, iýmit, ulag, jemagat hyzmatlary we kärende bahasy ýaly 160 balda ýaşaýyş derejesine baha berilýär. Sanawa dünýäniň 133 şäheri girizilip, 30 ýyl bäri çap edilýär. Bu ýyl üç şäher birbada birinji ýeri eýeledi. Käbir orunlara birden köp şäher mynasyp görlüpdir. Onuň deregine degişli ornuň aşakdaky basgançaklary boş goýlupdyr.
10Ženewa, (Şweýsariýa).
Ženewa ýurduň ikinji uly şäheri bolup, ilaty 200 müň adamdan geçýär. Bu şäher köp gezek dünýäniň iň gowy şäherleriniň hataryna girdi. Şeýle-de bolsa, bu ýerde ýaşamagyň bahasy gaty ýokary – şäher ýaşaýşyň bahasy boýunça dünýäniň ilkinji onlugyna girýär.
8Tokio, (Ýaponiýa) we
Los-Anjeles (ABŞ).
Iki şäher birbada sekizinji orny eýeledi. Tokio Ýaponiýanyň paýtagty, şeýle hem ýurduň syýasy, ykdysady, dolandyryş we medeni merkezi bolup, ilaty takmynan 14 million adama ýetýär.
Los-Anjeles Kaliforniýa ştatynyň bir şäheri bolup, dünýädäki iň uly medeni, ylmy, ykdysady, bilim, güýmenje we kino pudagynyň merkezidir.
7Tel-Awiw, (Ysraýyl).
Tel-Awiw ýurduň ykdysady we medeni, işewürlik we tehnologiýany ösdürýän merkezidir.
5 Sýurih, (Şweýsariýa) we
Pariž (Fransiýa).
Sanawyň bäşinji ornuny Şweýsariýanyň Sýurih we Fransiýanyň paýtagty Pariž paýlaşdylar. Sýurih ähli zady öz içine alýan şäherler toparyna degişli bolup, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň we banklarynyň baş edarasynyň ýerleşýän iň uly maliýe merkezidir.
Pariž Fransiýanyň esasy syýasy, ykdysady we medeni merkezidir. Köp sanly halkara guramalarynyň ştab-kwartirasy bu şäherde ýerleşýär.
4Nýu-Ýork, (ABŞ).
Nýu-Ýork dünýädäki iň uly şäherleriň biri bolup, köp sanly iri kompaniýalaryň we biržalaryň baş edaralarynyň ýerleşýän maliýe we ykdysady merkezidir.
1Gonkong (Hytaý), Osaka
(Ýaponiýa) we Singapur.
Aziýanyň üç şäheri – Gonkong, Osaka we Singapur sanawyň birinji ornuny paýlaşdylar. Gonkong deňiz zolagy bolup, salgyt ulgamy bilen dünýäniň çar künjeginden maýadarlary özüne çekýär. Ýaponiýanyň Osaka şäheri ýurduň ykdysady we medeni merkezi bolup durýar. Singapurda iş alyp barýan kompaniýalara maliýe ýeňillikleri döredilýär. Bu babatda şäher köp sanly maýadary özüne çekýär. Şäheriň tebigy baýlyklarynyň azdygy sebäpli ykdysadyýeti eksporta garaşly bolup durýar.