ABŞ-nyň ozal­ky wi­se-pre­zi­den­ti Jo­zef Baý­den no­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek Prezident saý­law­la­ry­na da­laş­gär­li­gi­ni hö­dür­le­mek üçin De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň Milli kong­re­si­niň wekillerinden ýe­ter­lik se­si al­dy. Bu ba­ra­da “The New York Ti­mes” ga­ze­ti ha­bar ber­di. ABŞ-nyň bir­nä­çe şta­tyn­da ge­çi­ri­len il­kin­ji saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, Baý­de­niň 1993 se­si bar. Kongresiň ses ber­li­şi­gi­niň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da Pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär bol­mak üçin 1991 we­ki­liň gol­da­wy­ny al­ma­ly. 8-nji ap­rel­de de­mok­rat­la­ryň saý­law­dan öň­ki bäs­deş­li­gin­den se­na­tor Ber­ni San­ders çykandan soň, Jozef Baý­de­niň Pre­zi­dent­li­ge da­laş et­mek ug­run­da bäs­de­şi ýok­.
ABŞ-nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň Mil­li Kong­re­si 17-20-nji aw­gust ara­ly­gyn­da Baý­de­niň ýur­duň iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gärdigini mä­lim eder. Ol Wis­kon­sin şta­ty­nyň Mi­luo­ki­ şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler. ABŞ-nyň hä­zir­ki Prezidenti Do­nald Tramp res­pub­li­kan­la­ryň par­ti­ýa kong­re­si­niň we­kil­le­ri­niň ýe­ter­lik se­si­ne eýe bol­dy. ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry 3-nji no­ýabr­da geçiriler.