Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Kans­le­ri An­ge­la Mer­kel şu hep­dä­niň do­wa­myn­da Ita­li­ýa, Es­to­ni­ýa, Çe­hi­ýa we Pol­şa döw­let­le­rin­de sa­par­da bol­dy. Onuň bu sa­pa­ry sent­ýabr aýy­nyň 16-syn­da Bra­tis­la­wa­da ge­çi­ril­jek Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň res­mi däl sam­mi­ti bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Kans­ler Mer­kel Ýew­ro­pa ýurt­la­ry bo­ýun­ça ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň il­kin­ji gü­nün­de Ita­li­ýa­nyň Wen­to­ten ada­syn­da Ita­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Mat­teo Ren­si hem-de Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Fran­sua Ol­land bi­len du­şuş­dy. Du­şu­şyk­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na de­giş­li me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Olar sent­ýabr aýyn­da Slo­wa­ki­ýa­nyň paý­tag­ty Bra­tis­la­wa şä­he­rin­de 27 döw­le­tiň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek sam­mi­tiň gün ter­ti­bi bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar.
– Üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de köp me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dyk. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hem-de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi ba­bat­da äh­li ýurt­la­ry yk­jam gat­na­şyk et­mä­ge ça­gyr­ýa­ryn – di­ýip, Kans­ler Mer­kel bel­le­di.
Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Ol­land hem şol me­se­le­le­re ünsi çe­kip, yk­dy­sa­dy ösü­şiň bir­jik-de pe­se gaç­ma­gy­na ýol ber­mez­li­giň ze­rur­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ol bu ugur­da­ky äh­li müm­kin­çi­lik­ler­den peý­da­lan­ma­gyň äh­li ýurt­lar üçin bäh­bit­li bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy.
– Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de tä­ze döw­re ga­dam bas­ýa­rys. Bra­tis­la­wa­da­ky sam­mit­de äh­li ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry bi­len äh­lu­mu­my hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň tä­ze ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­la­şa­rys – di­ýip, üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy gu­raý­jy, Ita­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Mat­teo Ren­si gür­rüň ber­ýär.
Tir­ren deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky Wen­to­ten ada­syn­da­ky gep­le­şik­ler An­ge­la Mer­ke­liň şu hep­dä­niň do­wa­myn­da me­ýil­leş­di­ri­len du­şu­şyk­la­ry­nyň il­kin­ji­si bol­dy. Ol bu hep­dä­niň çä­gin­de ÝB-ä ag­za döw­let­le­riň 10-sy­nyň ýol­baş­çy­sy bi­len du­şu­şyk­lar ge­çir­di.
Ýew­ro­pa­nyň güýç­li döw­let­le­ri ha­sap­lan­ýan Ger­ma­ni­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň hem-de Fran­si­ýa­nyň li­der­le­ri­niň du­şu­şy­gy­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça esa­sy 3 ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. ÝB ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da howp­suz­lyk, yk­dy­sa­dy ösüş hem-de ýaş­la­ryň iş üp­jün­çi­li­gi ýa­ly ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri Mer­kel 24-nji aw­gust­da Es­to­ni­ýa­da sa­par­da bo­lup, bu ýer­de ýur­duň Pre­zi­den­ti To­mas Il­wes bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­di. Şon­dan bir gün soň­ra ol Pra­ga ba­ryp, ol ýer­de Çe­hi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Mi­loş Ze­man hem-de Prem­ýer-mi­nist­ri Bo­gus­law So­bot­ko bi­len du­şuş­dy.
An­ge­la Mer­kel 26-njy aw­gust­da, ýag­ny an­na gü­ni War­şa­wa­da bo­lup, Pol­şa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Be­at Şid­lo bi­len du­şu­şyk ge­çir­di. Şeý­le hem ol bu ýer­de dört­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­ga gat­naş­dy. Pol­şa­nyň, Weng­ri­ýa­nyň, Çe­hi­ýa­nyň hem-de Slo­wa­ki­ýa­nyň hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry bi­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki ýyg­na­ga gat­na­şan An­ge­la Mer­kel kär­deş­le­ri bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy.
Tu­tuş hep­dä­niň do­wa­myn­da köp san­ly du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ren An­ge­la Mer­kel an­na gü­ni ag­şa­ma­ra Gol­lan­di­ýa­nyň, Swe­si­ýa­nyň, Finl­ýan­di­ýa­nyň hem-de Da­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nistr­le­ri bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti­niň şä­he­riň ete­gin­dä­ki Me­ze­berg ka­bul­ha­na­syn­da gep­le­şik­ler ge­çir­di. Ol 27-nji aw­gust­da ýag­ny, şen­be gü­ni bol­sa, ýe­ne-de Me­ze­berg ka­bul­ha­na­syn­da Slo­we­ni­ýa­nyň, Hor­wa­ti­ýa­nyň we Bol­ga­ri­ýa­nyň hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry hem-de Awst­ri­ýa­nyň Kans­le­ri bi­len du­şu­şar.