2017-nji ýylda Fransiýada Prezident saýlawy geçiriler. Bu ählihalk saýlawy üçin dalaşgärligini yglan edýänleriň sany köpelýär. Golaýda ýurduň öňki ykdysadyýet ministri Arno Montebur dalaşgär bolýandygyny yglan etdi.
– 2017-nji ýylda geçiriljek saýlawa dalaşgär boldum – diýip, ozalky ministr habar berdi.Ýurduň “BFM TV” teleýaýlymynyň habaryna görä, Monteburyň dalaşgärligini yglan etmegine garaşylýandygy mälim edildi. Mundan başga-da ozalky ministrlerden Sesil Dýuflo hem “Ýewropa ekologiýa—ýaşyl” (EELV) partiýasyndan prezidentlige dalaş etjekdigini habar berdi.
Fransiýanyň ozalky Prezidenti Nikolýa Sarkozi hem täzeden prezidentlige dalaş etjekdigini mälim edipdi. Ol bu barada özüniň ýazan kitabynda şeýle diýýär: “2017-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawyna gatnaşmak kararyna geldim. Bu meniň wezipäm”.
“France-Presse” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, Nikolýa Sarkozi “Ähli zat Fransiýa üçin” atly kitabyny tamamlap, ony okyjylar köpçüligine hödürledi. Onuň kitaby 24-nji awgustda tekjelerde peýda boldy.
Ýurduň ozalky Prezidenti täzeden dalaşgärligini resmi taýdan yglan edenden soňra “Respublikanlar” partiýasynyň ýolbaşçysy wezipesini tabşyrdy. Partiýanyň düzgünnamasyna görä, prezidentlige dalaş edýän ýolbaşçy partiýanyň başlygy wezipesini tabşyrmagy zerur bolup durýar. Sarkozi partiýanyň iýul aýyndaky soňky ýygnagynda täze wezipesi üçin alada edip başlajakdygyny mälim edipdi.
Bu partiýanyň dalaşgärleriniň sanynyň köpdügi sebäpli, şu ýylyň noýabr aýynda partiýanyň öz içinde saýlaw geçiriler. 11 dalaşgärden iň mynasyby saýlanar. Şu wagtky ýagdaýda Nikolýa Sarkoziniň bu ugurdaky esasy bäsdeşi Bordo şäheriniň häkimi Alen Žýuppe bolup durýar.
Nikolýa Sarkozi 2007-2012-nji ýyllar aralygynda Fransiýanyň Prezidenti boldy. Ol bu wezipä ikinji möhlete saýlanmak üçin hem dalaşgär boldy, emma şol saýlawda ýurduň häzirki Prezidenti Fransua Ollanddan yzda galdy.
Abraýly dalaşgärler bäsleşer
Fransiýada Prezident saýlawynyň birinji tapgyry 2017-nji ýylyň aprelinde geçiriler. Nikolýa Sarkozi, ozalky ministrler Arno Montebur we Sesil Dýuflo bilen bir hatarda, “Milli front” partiýasynyň ýolbaşçysy Marin Le Pen hem dalaş edýär. Onuň ikinji tapgyra galjakdygy aýdylýar.
Ýurduň häzirki Prezidenti Fransua Olland barada gürrüň edilse, onuň hem ikinji 5 ýyllyk möhlete saýlanmak islegi bar. Ýöne ol ýeňiş gazanmak mümkinçiliginiň bardygyna göz ýetiren ýagdaýynda, täzeden dalaşgär boljakdygyny mälim etdi. Bu barada ol “Prezident bilen ýörite söhbetdeşlik” atly kitabyň awtorlary – žurnalistler Antuan Andrehem-de Karim Rassuli bilen bolan söhbetdeşliginde gürrüň berdi.
Fransua Olland 2012-nji ýylyň maý aýynda Prezidentlige saýlandy. Ol saýlawyň ikinji tapgyrynda Nikolýa Sarkoziden öňe saýlanyp, saýlawçylaryň 51,64 göteriminiň sesini alyp, ýokary wezipä saýlanypdy. Fransua Olland Fransiýanyň taryhynda Fransua Mitterandan (1981-1995 ý.) soňra“Sosialistler” partiýasyndan Prezidentlige saýlanan ikinji döwlet baştutanydyr.