Beýik Britaniýanyň «OpenSignal» kompaniýasy tutuş dünýäde mobil internet hyzmatynyň tizligi we onuň ýagdaýy barada maglumat taýýarlady. Şeýle hem mobil internetde liderlik edýän ýurtlaryň sanawy çap edildi. Şol maglumatlara görä, 3G we 4G mobil internet tizligi boýunça öňdeligi Günorta Koreýa eýeleýär. Soňky orunlarda degişlilikde Singapur, Wengriýa, Awstraliýa we Daniýa barýar. Şeýle hem birinji onluga Norwegiýa, Gollandiýa, Litwa, Ýaponiýa we Şwesiýa ýaly döwletler goşuldy.
Bu ugurdaky hasabat 2016-njy ýylyň 1-nji maýy we 23-nji iýuly aralygynda taýýarlandy. Hasabat döwründe Günorta Koreýadaky internetiň tizligi 41.3 Mbps-e deň boldy. Günorta Koreýada 41 million işjeň internet ulanyjy bar. Bu ugurda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde öňdeligi eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, bu ýurt elektronika senagatynyň ösen ýeri hem-de ykjam aragatnaşyk ulgamynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan “Samsung” şereketiniň watanydyr. Şonuň üçin bu ýurtda mobil internet ulanýanlaryň sany 84,8 göterime deňdir.