Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­syn­da par­la­ment saý­la­wy 2018-nji ýyl­da ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Mat­teo Ren­si ha­bar ber­ýär. Ol ýur­duň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ba­ra­da ge­çi­ril­jek sa­la-sa­lyş­ly­gyň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ra­maz­dan, saý­la­wyň bel­le­nen wag­tyn­da ge­çi­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Mat­teo Ren­si kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­le­riň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny bel­läp, özü­niň sy­ýa­sy yk­ba­ly­ny hem şo­nuň bi­len bag­la­nyş­dyr­dy. Şu ýy­lyň 8-nji aw­gus­tyn­da Ita­li­ýa­nyň ka­zy­ýe­ti düýp­li kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak üçin sa­la-sa­lyş­ly­gy ge­çir­me­giň ka­nu­na­la­ýyk­dy­gy üçin de­giş­li ka­rar ka­bul et­di. Ýurt­da kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­le­riň öň­baş­çy­sy bo­lup, Mat­teo Ren­si­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky hö­kü­met çy­kyş ed­ýär. Sa­la-sa­lyş­ly­gyň okt­ýabr ýa-da no­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.
Ýur­duň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, sa­la-sa­lyş­ly­gy ge­çir­mek üçin Ita­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň de­giş­li çöz­gü­di bo­ýun­ça ka­rar ka­bul et­me­gi ge­rek.