1-nji iýuldan Germaniýa Horwatiýadan soň Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine başlyklyk edip başlady. Bu barada Geňeşiň web sahypasynda berlen beýanatda mälim edilýär. Geňeşiň başlyklygyny her 6 aýdan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň biri çalyşýar. Bu döwürde, degişli ýurt Geňeşiň ähli derejelerdäki ýygnaklaryna başlyklyk edýär, bileleşigiň işiniň öňe ilerlemegini üpjün etmäge kömek edýär.
«Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde dünýäde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmek Germaniýanyň başlyklygynyň aýratyn üns merkezinde bolar. Şeýle hem Ýewropada sosial jebisligi berkitmek, bileleşigiň ykdysadyýetine goldaw bermek başlyklyk ediji ýurduň esasy maksady bolar. Germaniýa bu maksada ýetmek üçin Ýewropanyň bilelikdäki tagallalaryna, raýdaşlygyna we umumy gymmatlyklaryna eýermegi maksat edinýär» diýlip beýanatda aýdylýar. Öňümizdäki alty aýyň dowamynda Germaniýa daşky gurşawy goramak, Ýewropanyň saglygy goraýyş ulgamyny güýçlendirmek we sanlaşdyrmak meselesine hem üns berer. Mundan başga-da, Berlin Ýewropa Bileleşiginiň agzalarynyň esasy geosyýasy ýurtlary – Hytaý, Russiýa we ABŞ babatdaky syýasatlaryny birleşdirmäge synanyşar.