Fransiýanyň öňki Premýer-ministri Eduar Filipp 28-nji iýunda Fransiýanyň demirgazygyndaky Gawr şäherinde geçirilen şäher saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda uly aratapawut bilen ýeňiş gazandy.
Maglumatlara görä, Eduar Filipp 58,83% ses aldy. Ikinji tapgyra çykan ýeke-täk bäsdeşi, Fransuz Kommunistik partiýasynyň (PCF) wekili Žan-Pol Lekok 41,17% sese eýe boldy. 1995-nji ýyla çenli Gawr şäheri 30 ýyl töweregi PCF partiýasynyň gözegçiliginde boldy. Soňra bolsa, jemgyýetçilik-syýasy akym bolan merkezi-sagyň ygtyýaryna geçdi.
Ozalky hökümet başlygy Eduar Filipp häzirlikçe öz öňünde goýan maksatlary barada belli bir zat aýtmady. Gawr şäherine häkim saýlanandygy üçin Premýer-ministr wezipesinden çekilen Eduar Filipp 3-nji iýulda ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy. Emmanuel Makron ýurduň ozalky Premýer-ministri Eduar Filippi saýlawda gazanan ýeňşi bilen gutlady. Onuň ýakyn günlerde häkim wezipesine girişmegine garaşylýar.
Eduar Filipp Gawr şäherinde öz toparyna saýlawyň öň ýanyndaky wadalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy. Saýlawlara gatnaşyk 34,6%-e deň boldy.
Şeýle hem, daşky gurşaw boýunça hünärmen 39 ýaşly Žanna Barsegýan Strasburgyň häkimi bolar. Merkezi çep «Ýewropa, Ekologiýa, Ýaşyl» partiýasy häzirki saýlawda esasy ýeňijileriň biri hasaplanýar. Onuň ygtyýarynda diňe Strasburgyň şäher häkimligi bolman, eýsem, başga-da birnäçe şäherler bar.
Bulardan başga-da, Marin Le Peniň «Milli birleşik» partiýasy 100 müň ilatly Perpinýan şäherinde ýeňiş gazandy. Bu 1995-nji ýyldan bäri geçirilen şäher saýlawlarynda sagçylaryň iň uly ýeňşidir.