Go­laý­da ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy «SpaceX» ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek kos­mo­sa pi­lot­ly hu­su­sy uçu­ry­şy ama­la aşyr­dy. Em­ma baş di­rek­tor Ilon Mask kom­pa­ni­ýa­nyň bu üs­tün­li­gi bi­len çäk­len­mek is­le­me­ýär. Ol «SpaceX»-iň iş­gär­le­ri­ni «Stars­hip»-iň tä­ze nes­li bo­lan kos­mos gä­mi­si­niň üs­tün­dä­ki iş­le­ri çalt­laş­dyr­ma­ga ça­gyr­dy. Mask «Stars­hip»-iň ös­dü­ril­me­gi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­di­gi­ni aýt­dy. Ol «Falcon 9» ra­ke­ta­sy bi­len uçu­ry­lan «Dra­gon»-yň gaý­dyp gel­mek müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­ýan hem­me ýag­daý­la­ryň na­za­ra alyn­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy. Çün­ki kos­mos gä­mi­si ýa­kyn bir­nä­çe aýyň için­de kos­mo­nawt­la­ry Ýe­re gaý­tar­ma­ly.
Ýa­kyn­da bor­ty kos­mo­nawt­ly uçu­ry­lan «Falcon 9» ra­ke­ta­sy, soň­ky 10 ýyl­da 85 uçu­şy ama­la aşy­ran «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esa­sy biz­ne­si­dir. «Falcon 9» bö­lek­le­ýin köp ge­zek ula­nyl­ma­ga ni­ýet­le­nen, se­bä­bi kom­pa­ni­ýa köp­lenç ra­ke­ta­nyň bat­lan­dy­ry­jy bö­le­gi­ni Ýe­re gon­du­ryp, ony tä­ze­den ulan­ýar. Ýö­ne Mas­kyň mak­sa­dy, tä­jir­çi­lik uça­ry ýa­ly, ýe­ne-de bir­nä­çe ge­zek ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen «Stars­hip»-i dö­ret­mek­den yba­rat. Ge­çen ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Ilon Mask «Stars­hip» kos­mos gä­mi­si­niň ýe­ne-de al­ty aý­dan Ýe­riň aşa­ky or­bi­ta­sy­na çy­ka­ryl­jak­dy­gy­ny, soň­lu­gy bi­len bol­sa Mar­sa uçu­ryl­jak­dy­gy­ny aý­dyp­dy. Ol or­bi­ta­ 10 tö­we­re­gi pi­lot­syz sy­nag uçu­şy­ny, soň bol­sa adam­ly uçu­şy me­ýil­leş­dir­ýär. Ol mu­nuň ýa­kyn wagt­lar­da ama­la aşyr­yl­jak­dy­gy­ny öňe sür­ýär.
Hä­zir me­ýil­na­ma­la­ra kä­bir dü­ze­diş­ler gi­ri­zil­di, çün­ki has uzak ara­ly­ga ni­ýet­le­nen gä­mi­le­riň sy­nag­la­ry ug­ru­na bo­la­nok. Ge­çen ýyl Mask pos­la­ma­ýan po­lat­dan gur­lan gä­mi­ni hö­dür­le­di. Gä­mi­niň uzyn­ly­gy 50 metr, sap ag­ra­my (ýan­gyç we ýük­den baş­ga) tak­my­nan, 120 ton­na. Ilon Mask, ýa­kyn 10 ýyl­da «SpaceX»-iň köp san­ly «Stars­hip» kos­mos gä­mi­le­ri­ni gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Ra­ke­ta ýan­gy­jy­nyň or­bi­ta el­til­me­gi ne­ti­je­sin­de, kos­mos gä­mi­si­niň Aýyň ýa-da Mar­syň ýü­zü­ne 100 met­rik ton­na­dan gow­rak ýük el­tip bil­jek­di­gi­ni «SpaceX»-iň ýol­baş­çy­sy öňe sür­ýär. Gä­mi­niň eki­pa­žy, tas­la­ma la­ýyk­lyk­da, köp san­ly ada­ma ni­ýet­le­nip bil­ner. «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy Ken­ne­di ae­rod­ro­myn­dan we Te­has­da­ky «Boc Chick» tür­gen­le­şik meý­dan­ça­syn­dan kos­mos gä­mi­le­ri­ni uçur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le-de bol­sa, tas­la­ma­da şeý­le uçuş­la­ryň baş­la­ma­gy­nyň ter­ti­bi ýa-da çak edil­ýän nyrh­la­ry he­niz gör­ke­zil­män­dir.