28-nji iýunda Polşada geçirilen Prezident saýlawynda dalaşgärleriň hiç biri-de ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan sesleri alyp bilmedi. Maglumatlara görä, dolandyryjy konserwatiw partiýa «Kanun we adalat» tarapyndan hödürlenen dalaşgär, häzirki döwlet baştutany Anjeý Duda saýlawçylaryň 45%-den gowragynyň goldawyny aldy.
12-nji iýulda geçiriljek ikinji tapgyrda Anjeý Dudanyň esasy bäsdeşi «Raýat platformasy» partiýasynyň dalaşgäri, 30% sese eýe bolan Warşawanyň häkimi Rafal Tşaskowskiý bolar.
Ilkinji netijeleri yglan edilensoň, Anjeý Duda bu gezek birinji tapgyrda bäş ýyl ozalka garanyňda, has köp ses alandygyny aýtdy. – Biziň maksadymyz milli bähbitleriň ileri tutulýan ýeri bolan Polşa – diýip, häzirki Prezident aýtdy.
Birinji tapgyra gatnaşyk ýokary derejede bolup, saýlawçylaryň 63%-i saýlaw uçastogyna geldi. Synçylar indiki bäsleşikde dalaşgärleriň ikisiniň-de ýeňiş gazanmak mümkinçiliginiň bardygyny belleýärler. Geçen ýyl dolandyryjy partiýa parlament saýlawlarynda absolýut köplüge eýe boldy. Ýurtda 30 milliondan gowrak raýatyň ses bermäge hukugy bolup, şolardan 387 müňüsi daşary ýurtlarda ýaşaýar. Prezident saýlawlary Polşada her bäş ýyldan bir gezek geçirilýär. 2015-nji ýylda Anjeý Duda ikinji tapgyrda geçirilen saýlawlarda 51,55% ses alyp, ýeňiş gazanypdy. Oňa 8 million 630 müň polşaly raýat ses beripdi. Häzirki wagtda Polşanyň ilaty 38 milliondan geçýär.