Geçen ýyl dünýäniň iň uzyn suwasty demir ýol tunneliniň taslamasyny işläp düzüjiler ony 17 milliard dollara maliýeleşdirmek barada ylalaşyk gazanypdylar. 100 kilometrlik tunneliň Finlýandiýanyň we Estoniýanyň paýtagtlaryny birleşdirjekdigi tassyklanylýar. Gurluşygyň üçden bir bölegi Hytaýyň «Touchstone Capital Partners Ltd» kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdirilip, üçden iki böleginiň karzyna maliýeleşdirilýändigi habar berlipdi. Şeýle uzyn suwasty tunneliň kadaly işlemegi we hyzmat etmegi üçin gurluşykçylar öz ýolunda azyndan bir emeli adany gurmaly bolarlar. Fin telekeçisi Piter Westerbak tarapyndan öňe sürlen taslamany «Finest Bay Area Development Oy» kompaniýasy durmuşa geçirmek bilen meşgullanýar.
Ulag desgasyny işe girizmek 2024-nji ýylyň ahyrynda meýilleşdirilýär. Tunnelde hereket edýän ýokary tizlikli otly sagatda 350 kilometr ýoly külterläp, Helsinkiden Talline bary-ýogy 20 minutda barar. Maglumatlara görä, bir taraplaýyn petegiň bahasy 50 ýewro bolar. Helsinki-Tallin tunneli, fin aýlagynyň asty bilen Estoniýanyň we Finlýandiýanyň paýtagtlaryny demir ýol tunneli arkaly birleşdirmek üçin niýetlenen taslamadyr. Şeýlelik bilen Finlýandiýanyň demir ýol ulgamy Ýewropanyň demir ýol ulgamy bilen birikdiriler.
2019-njy ýylyň mart aýynda Hytaýyň «Touchstone Capital Partners» gaznasynyň «Bir guşak – bir ýol» taslamasy boýunça tunneliň 2024-nji ýylyň ahyrynda işe girizilmegi üçin takmynan 15 milliard ýewro maýa goýmagy meýilleşdirýändigi mälim boldy. Ýöne soňky wagtlar taslamany amala aşyrmak bilen bagly birnäçe meseleleriň hem ýüze çykandygy habar berilýär. Suwasty transport arteriýasy Tallin we Helsinki şäherlerinden 200 km töwerekde ýaşaýan 1 million adama hyzmat edip biler. Tunnel ýük transporty hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolar.