Hy­taý­da ge­çi­ri­len oku­wa ka­bul ediş­lik üçin döw­let sy­na­gy­na 10 mil­li­on 700 müň okuw­çy gat­naş­dy. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň Mer­ke­zi te­le­wi­de­ni­ýe­si ta­ra­pyn­dan ha­bar be­ril­ýär. Ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de da­laş­gär­le­riň sa­ny 400 müň adam art­dy. Hä­ki­mi­ýet­ler tak­my­nan, 400 müň synp ota­gy­ny taý­ýar­la­dy, sy­nag­la­ra gö­zeg­çi­lik et­mek üçin tak­my­nan 945 müň mu­gal­lym we gö­zeg­çi gat­naş­dy. 2009-njy ýyl­dan 2019-njy ýy­la çen­li Hy­taý­da her ýyl da­laş­gär­le­riň sa­ny 9 mil­li­on ada­ma deň­di. Öň­ki ta­ry­hy re­kord 2008-nji ýyl­da bo­lup, şon­da 10 mil­li­on 500 müň okuw­çy sy­nag­la­ra gat­naş­yp­dy.
Gao­kao – üç hök­ma­ny ders­den yba­rat bo­lan ýe­ke-täk döw­let sy­na­gy bo­lup, hy­taý we da­şa­ry ýurt di­li, ma­te­ma­ti­ka we saý­law bo­ýun­ça düz­gün­le­ri öz içi­ne al­ýar. Sy­nag ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, uni­wer­si­tet­le­re oku­wa ka­bul ediş­lik ama­la aşy­ryl­ýar.