Pekin Hytaýyň paýtagtyna blokçeýn tehnologiýasy pudagynda dünýäniň iň täsirli innowasiýa merkezleriniň birine öwrülmegine mümkinçilik berýän 2020-2022-nji ýyllar üçin blokçeýn innowasiýalaryny ösdürmek boýunça hereket meýilnamasyny hödürledi. Bu meýilnamada blokçeýn tehnologiýasy pudagynda nazary we tehnologik barlaglar üçin platformalary döretmek, köp dersli amaly ssenarileri döretmek we durmuşa geçirmek, şeýle hem bu pudakda öňdebaryjy işgärler bazasyny döretmek ýaly 20 sany anyk ugur beýan edilýär.
Maliýe we salgyt pudagynda Pekiniň häkimiýetleri gozgalmaýan emläkleri we bitewi elektron hasaplaryny hasaba almak üçin blokçeýn tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini ulanmaga ünsi jemlärler. Şeýle hem, şäher blokçeýn innowasiýalarynyň we ösüş üçin uly mümkinçilikleri bolan kärhanalaryň ösmegi üçin amatly iş şertlerini döretmegi meýilleşdirýär. Beýleki ugurlar bilen birlikde, blokçeýn taslamalaryna goldaw bermek üçin döwlet tarapyndan maliýeleşdirmäge ýörite gazna dörediler. 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Hytaý «akylly» şäherleri we sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam bermek maksady bilen tutuş ýurt boýunça blokçeýne daýanýan hyzmat toruny (BSN) açdy.