5-nji iýul­da Hor­wa­ti­ýa­da ge­çi­ri­len Par­la­ment saý­law­la­ryn­da ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri And­reý Plen­ko­wi­çiň do­lan­dy­ry­jy par­ti­ýa­sy, Hor­wa­ti­ýa De­mok­ra­tik Ar­ka­la­şy­gy (HDA) 44% ses bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy, ýö­ne ses­le­riň kö­pü­si­ne eýe bo­lup bil­me­di. Des­lap­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, HDA 151 orun­lyk mej­lis­dä­ki 68 or­na bil bag­lap bi­ler. Hor­wa­ti­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri And­reý Plen­ko­wiç:
– Bu uly ýe­ňiş. Ýö­ne şeý­le ne­ti­je bi­ziň üs­tü­miz­e uly jo­gap­kär­çi­lik ýük­le­ýär, çün­ki soň­ky par­la­ment möh­le­ti agyr we sy­nag­lar­dan do­ly bol­dy. In­di bi­ziň öňü­miz­dä­ki kyn­çy­lyk­lar ga­ty çyn­la­kaý gö­rün­ýär – diý­di.
So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky «Res­tart» bi­le­le­şi­gi ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­da kyrk­dan gow­rak or­ny eýe­lär. Bi­le­le­şi­giň baş­ly­gy Da­wor Ber­nar­diç Par­la­ment saý­law­la­ryn­da ýe­ňi­len­den soň işin­den çe­kil­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Üçün­ji uly sy­ýa­sy güýç, aý­dym­çy we te­le­ke­çi Mi­ros­law Şko­ro­nyň «Wa­tan üçin he­re­ket» par­ti­ýa­sy 15 or­na bil bag­lap bi­ler.
Hor­wa­ti­ýa­da ge­çi­ri­len saý­law­la­ra 192 sy­ýa­sy bi­le­le­şik, par­ti­ýa­lar we ga­raş­syz da­laş­gär­ler gat­naş­dy. Saý­law uças­tok­la­ry­na 3 mil­li­on 860 müň adam ça­gy­ryl­dy. 151 de­pu­tat­dan yba­rat Hor­wa­ti­ýa Par­la­men­ti her dört ýyl­da bir ge­zek tä­ze­len­ýär: 140 de­pu­tat ýur­duň ra­ýat­la­ry ta­ra­pyn­dan saý­lan­ýar, 3 da­şa­ry ýurt­ly hor­wat di­as­po­ra­sy we ýe­ne 8 adam mil­li az­lyk­lar­dan Par­la­men­te saý­lan­ýar. Saý­law­la­ra gat­na­şyk 46%-e deň bol­dy. Hor­wa­ti­ýa Mer­ke­zi Ýew­ro­pa­nyň gü­nor­ta­syn­da ýa-da Gü­nor­ta Ýew­ro­pa­da, bö­lek­le­ýin Bal­kan ýa­rym ada­sy­nyň gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Hor­wa­ti­ýa­nyň ila­ty 4 mil­li­on 76 müň­den gow­rak ada­ma ba­ra­bar­dyr.