Mahal-mahal motosiklleriň dürli täsin görnüşleri peýda bolýar. Soňky ýyllarda elektroulaglar bilen bir hatarda elektrik energiýasy bilen işleýän motorlar hem peýda bolup başlady. «Voxan» kompaniasynyň hünärmenleri tizlik rekordyny goýmak üçin iki tigirli ulagy işläp düzüpdirler. Kuwwaty 367 at güýjüne barabar bolan ulag 351 km/sagat tizlik bilen hereket edýär. 2021-nji ýylda ilkinji tizlik rekordyny goýmagyna garaşylýan ulagyň täsin aerodinamik daşky gurluşy bar. Motoryň tizlik rekordyny goýmak maksady bilen geçiriljek ilkinji sürüşini ozalky «MotoGP»-niň sürüjisi Maka Býaggi amala aşyrar. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda ulanylýan elektrik motosiklleriniň tizligi 120-130 km/sagat töweregidir. Diňe käbir modeller has ýokary tizlikde hereket edýär.