Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti 5G ulgamyny ornaşdyrmakda dünýäde öňde barýar. Bu barada GSMA Ltd. kompaniýasynyň baş direktory Jon Hoffman Şanhaýda geçirilen emeli aňa bagyşlanan Bütindünýä maslahatynda aýtdy. Maslahatyň çäginde guralan onlaýn sammitde – Has durnukly sanly ykdysadyýete eýe bolan ýurtlaryň şu ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň täsirine garşy durup biljekdigine göz ýetirdik – diýip, Jon Hoffman belledi. Onuň sözlerine görä, dünýäde 5,2 milliard adam ykjam aragatnaşykdan peýdalanýar. Mobil senagaty dünýäniň jemi içerki önüminiň 4,1 trillion dollaryny üpjün edýär.
Häzirki wagtda dünýäniň 24 bazarynda 79 sany 5G täjirçilik ulgamy ornaşdyryldy.
2020-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli global operatorlaryň dünýäniň tor gurluşygyna takmynan, 1,1 trillion dollar maýa goýmagyna garaşylýar. ABŞ-da we dünýäde bu maýa goýumynyň 80 göterimi 5G ulgamynyň gurluşygyna gönükdiriler – diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
GSMA dünýädäki ykjam aragatnaşyk pudagynda öňdebaryjydyr. GSMA-nyň çaklamasyna görä, 2020-nji we 2025-nji ýyllar aralygynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki ykjam operatorlar takmynan, 500 milliard dollary tor gurluşygyna, şol sanda, 370 milliard dollary 5G torunyň gurluşygyna maýa goýarlar. – 2025-nji ýyla çenli 1,1 milliard terminal bellenen sebitde 5G toruna elýeterliligi bolar – diýip, GSMA-nyň başlygy aýtdy.