Bel­gi­ýa­da üç öl­çeg­li prin­te­ri ulan­mak ar­ka­ly dün­ýä­de il­kin­ji iki gat­ly jaý gu­rul­dy. Üç ölçegli (3D) çap teh­no­lo­gi­ýa­sy dün­ýä­dä­ki gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­ýär. Bi­na­gär Pit Wei­le­mans bu ja­ýyň nähili gur­lan­dy­gy­ny dü­şün­dir­ýär:
– Bu ýer­de di­war­lar gö­ni, di­wa­ryň gur­lu­şy­na si­ňe se­ret­se­ňiz, onuň dür­li gat­lak­lar­dan yba­rat­dy­gy­na göz ýe­tir­ýär­siňiz.
90 ine­dör­dül metr­lik jaý üçin be­ton di­war­lar, gat­lak-gat­lak edi­lip, aw­to­ma­ti­k ul­gam bi­len bi­na edil­di. 15 gün do­wam eden taslama bilen gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri gy­zyk­lan­yp ugradylar.
– Şu­nuň ýa­ly gur­lu­şy­gyň ne­ti­je­sin­de, kö­mür­tur­şy ga­zy ho­wa 50% az çyk­ýar, üs­te­si­ne-de wagt tyg­şyt­la­nyp, gur­lu­şyk ýo­ka­ry dep­gin­de ama­la aşy­ryl­ýar – di­ýip, bi­na­gär Pit Wei­le­mans aýt­dy.
3D arkaly gurlan bu jaý Ant­wer­pen se­bi­ti­niň Wes­ter­lo et­ra­byn­da ýer­leş­ýär. Ol To­mas Mor adyn­da­ky uni­wer­si­te­tiň ta­lyp­la­ry­nyň dip­lom iş­le­ri­niň baş mow­zu­gy bol­dy.
– Biz üýt­ge­şik tej­ri­bä eýe bol­duk. In­di şeý­le aja­ýyp, gö­ze gör­nüp du­ran ne­ti­je bi­len oku­wy­my­zy ta­mam­lap bi­le­ris. Bu jaý bu ýer­de ga­lar we her kim ony syn­lap bi­ler – di­ýip, ta­lyp­lar aýd­ýar­lar.
Üç öl­çeg­li prin­te­riň kö­me­gi bi­len il­kin­ji bir gat­ly jaý iki ýyl mun­dan ozal, Fran­si­ýa­da gur­lup­dy. Hü­när­men­ler tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ba­zar­da prog­ram­mir­le­me we gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­ny dö­ret­mek ugur­la­ryn­da tä­ze iş ýer­le­ri­niň peý­da bol­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.