Häzirki wagtda Birleşen Arap Emirliklerinde «Mars Science City» atly şäheriň gurluşygy tamamlanyp barýar. Täze şäheriň çäginde Mars planetasyndaky durmuşa öýkünmek meýilleşdirilýär. Bu şäherde barlag geçirijileriň işlemegi hem-de kosmonawtlaryň türgenleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilipdir. «Mars» şäheriniň 2021-nji ýylda doly ulanylmaga beriljekdigi mälim edildi.
Şäheriň meýdany 176 müň gektar bolup, 30 sany futbol meýdançasynyň ululygyna deňdir. Ähli gurluşlar ýer astynda we 3D printerlerinde ýasalan gümmezleriň aşagynda ýerleşýär. Gurluşykda ulanylan esasy materiallaryň biri hem çägedir. Şeýlelik bilen Mars topragynyň şertlerinde bina gurmak tehnologiýasy işlenip düzülýär. Dubaýyň golaýynda synag şäherini gurmak pikiri 2017-nji ýylda yglan edildi. Taslamanyň binagärlik bölegi «Bjarke Ingels Group» topary tarapyndan işlenip düzüldi.