Efio­pi­ýa­da Ma­wy Ni­liň üs­tün­de gu­rul­ýan «Hi­da­se» (Gal­ky­nyş) elekt­rik be­ke­di­niň ben­di suw bi­len dol­du­ryl­ýar. Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­çe, mu­ny hem­ra ar­ka­ly al­nan su­rat­lar­da hem gör­mek bol­ýar. Efio­pi­ýa­nyň «Cha­tam Hou­se’s Af­rica» mak­sat­na­ma­sy­nyň yl­my hü­när­me­ni Ah­med So­li­man, Ni­liň su­wu­ny su­wa­ryş üçin däl-de, esa­san, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek mak­sa­dy bi­len yk­ly­myň iň uly ener­gi­ýa eks­port edi­ji­si­ne öwür­mek üçin ula­nyl­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Öz ge­ze­gin­de, 100 mil­li­on­dan gow­rak ila­ty bo­lan Mü­sür, ýur­duň suw äti­ýaç­lyk­la­ry­na bo­lan ze­rur­ly­gy­nyň 90%-ini üp­jün ed­ýän Nil der­ýa­sy­ bi­len ta­ry­hy bag­la­ny­şy­gy­nyň bar­dy­gy ba­ra­da mä­lim ed­ýär.
Af­ri­ka yk­ly­my­nyň bu der­ýa­sy özü­niň go­şant­la­ry bi­len bir­lik­de, dün­ýä­niň ägirt uly der­ýa­sy­ny eme­le ge­tir­ýär. Nil hem-de onuň go­şant­la­ry Efio­pi­ýa­nyň, Su­da­nyň, Gü­nor­ta Su­da­nyň, Mü­sü­riň çäk­le­rin­den akyp ge­çip, az bö­le­gi bol­sa, Ru­an­da, Bu­run­di, Ugan­da, Ke­ni­ýa, Tan­za­ni­ýa we Kon­go ýa­ly ýurt­la­ryň için­den akyp geç­ýär. Bu ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy aba­dan­çy­ly­gy köp­lenç bu der­ýa bag­ly bo­lup dur­ýar. Bu bag­ly­lyk esa­san hem Mü­sür­de has-da ýi­ti du­ýul­ýar. Çün­ki Nil der­ýa­sy üm­mül­mez Sa­ha­ra çö­lü­niň gün­do­gar çet­le­ri­ni ke­sip ge­çip, agyz su­wu­nyň ýe­ke-täk çeş­me­si bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Hä­zir­ki gid­ro elekt­rik be­ke­di Efio­pi­ýa­nyň gün­ba­ta­ryn­da­ky Bi­ni­şan­gul-Gu­zuz se­bi­tin­de ýer­le­şip, Su­da­na ýa­kyn­dyr. Efio­pi­ýa­nyň gid­roe­lekt­rik be­ke­di­niň äh­li tur­bi­na­la­ry işe gi­ri­zi­len­den soň, Af­ri­ka yk­ly­myn­yň iň ulu­sy bo­ljak bu des­ga­nyň elekt­rik kuw­wa­ty 6,450 GWt-e deň bo­lar. Efio­pi­ýa­nyň çäk­le­rin­den iş­le­ni­lip çy­ka­ryl­ýan 2 GWt elekt­rik kuw­wa­ty na­za­ra ala­ny­myz­da, on­da gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nyp bar­ýan tas­la­ma­nyň ha­ky­kat­dan hem, ýur­duň yk­dy­sa­dy gal­ky­nyş­la­ry­na we gül­läp ösüş­le­ri­ne hyz­mat et­jek­di­gi­ne şüb­he­len­me­se bo­lar. Suw ben­di­niň umu­my sy­gy­my­nyň 74-79 kub ki­lo­met­re deň­di­gi aý­dyl­ýar. Efio­pi­ýa 2011-nji ýyl­da bu ägirt uly tas­la­ma­ny ama­la aşyr­ma­ga gi­riş­di. Adam­za­dyň be­ýik der­ýa­sy bo­lan Ni­liň ke­nar­la­ryn­da uzak geç­miş­de bir­nä­çe me­de­ni­ýet­ler ke­ma­la ge­lip­dir we ozal­ky­la­ry ýa­ly, Af­ri­ka halk­la­ry­nyň gül­läp ösü­şi­niň oja­gy ha­sap­lan­ýar. Bu elekt­rik be­ke­di işe gi­ri­zi­len­den soň­ra, Efio­pi­ýa Af­ri­ka­da iri ener­gi­ýa eks­port edi­ji ýurt­la­ryň bi­ri­ne öw­rü­ler.