Hä­zir­ki wagt­da ho­wa­nyň üýt­ge­ýän şert­le­rin­de «ýa­şyl» bi­na­lar tä­ze şä­her bi­na­gär­li­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar­lar. Ýer to­ga­la­gy­nyň iň «ýa­şyl» bäş bi­na­sy te­bi­ga­ta we adam­la­ra söý­gi bi­len dö­re­di­len aja­ýyp bi­na­gär­lik des­ga­la­ry­dyr. Ga­ly­ber­se-de, olar di­ňe bir gö­ze ýa­kym­ly bol­man, eý­sem dur­mu­şyň hi­li­ni hem ýo­kar­lan­dyr­ýar.

«Bosco Wer­ticale» (Mi­lan, Ita­li­ýa)
«Bosco Wer­ticale» sö­zi ital­ýan di­lin­den ter­ji­me edi­len­de, «dik to­kaý» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Bu bi­na dün­ýä­niň gök öwüs­ýän bi­na­la­ry­nyň bi­ri­dir. 2014-nji ýyl­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­len bu bi­na dur­muş mak­sat­ly gur­lan bi­na­dyr. Onuň bi­na­gä­ri Ste­fa­no Boe­ri özü­niň «dik to­kaý­la­ry» bi­len bü­tin dün­ýä­de ta­nal­ýar. Bi­na­nyň be­ýik­li­gi­ne ga­ra­maz­dan, onuň ýa­şaý­jy­la­rynyň dür­li ösüm­lik­le­ri we gy­rym­sy agaç­la­ry oturt­mak üçin ýe­ter­lik ýer­le­ri bar.

Wan­ku­we­riň West mas­la­hat mer­ke­zi
(Wan­ku­wer, Ka­na­da)
Wan­ku­wer­dä­ki gök öwüs­ýän tä­sin mer­kez. 2009-njy ýyl­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­lip, dür­li ser­gi­le­ri we mas­la­hat­la­ry ge­çir­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. Bi­na­nyň di­zaý­ny «LMN Archi­tects» stu­di­ýa­sy­na de­giş­li­dir. Tä­sin­lik­ler Wan­ku­we­riň West mas­la­hat mer­ke­zi­niň üçe­gin­de ýerleşýär. Dün­ýä­niň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa bi­na­la­rynyň ara­syn­da öň­de­ba­ry­jy hök­mün­de bel­li­ge alnan bu binanyň LE­ED şa­ha­dat­na­ma­sy­na eýe bol­ma­gy hem ýö­ne ýer­den däl­dir. Mer­ke­ziň üçe­gin­de ösüm­lik­le­ri to­zan­lat­mak mak­sa­dy bi­len bal ary­la­ry­nyň öý­jük­le­ri otur­dy­lyp­dyr. Bi­na­nyň «ýa­şyl» üçe­gi to­mus­da so­wat­ma­ga, gyş­da bol­sa, ýy­ly sak­la­ma­ga täsir ed­ýär. Mun­dan baş­ga-da, üçe­giň eň­ňit gör­nü­şi su­wuň ak­ma­gy­ny ýe­ňil­leş­dir­ýär. Ýö­ne bi­na­gär­le­riň üs­tün­lik­le­ri di­ňe üçe­giň be­ze­gin­de däl. Desga suw­da gur­lan di­reg­le­riň üs­tün­de bi­na edil­di. Bu gur­luş de­ňiz ekoul­ga­my­na ze­per ýe­tir­me­ýär.

«One Cent­ral Park» se­ýil­gä­hi.
(Sid­neý, Awst­ra­li­ýa)
Öza­ra bag­la­ny­şyk­ly iki di­ňli bu top­lu­m bi­na­nyň öň ta­ra­pyn­da­ky asma bag­la­ry bi­len kö­püň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Bu bi­na 2014-nji ýyl­da açy­lyp, ýa­şa­ýyş ja­ýy hök­mün­de ula­nyl­ýar. Onuň di­zaý­ny Atel­ýe Ža­na Nu­wel­ýa we «PTW Archi­tects» şe­re­ke­ti­niň bi­na­gär­le­ri­ne de­giş­li­dir. Öz­bo­luş­ly ope­ra te­at­ry we tä­sin bi­na­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýan in­no­wa­si­ýa şä­he­ri bu ýe­re gel­ýän­le­ri ýa­kym­ly duý­gu­la­ra atarýar. Bi­na­nyň ete­gin­dä­ki se­ýil­gäh bol­sa, asma bag­la­ryň «ýa­şyl» tas­la­ma­sy­ny do­wam et­dir­ýär. Bu top­lum di­ňe bir bu ýe­ri­niň bagt­ly ýa­şaý­jy­la­ry­nyň me­ka­ny bolman, eý­sem Awst­ra­li­ýa­nyň 250 gör­nüş­li ösüm­li­gi­niň hem ös­ýän ýe­ri­dir. Top­lum täsin di­zaý­ny bi­len haý­ran gal­dyryp, şeýle ulu­lyk­da­ky beý­le­ki des­ga­la­ra ga­ra­nyň­da, 25 gö­te­rim az ener­gi­ýa sarp ed­ýär.

«CROS Fu­kuo­ka» eda­ra bi­na­sy
(Fu­kuo­ka, Ýa­po­ni­ýa)
Bu des­ga­nyň sa­ýa­syn­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Fu­kuo­ka şä­he­ri­niň ady hem «ýa­şyl» bi­na­la­ryň dün­ýä kar­ta­syn­da uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Bu bi­na 1995-nji ýyl­da ulan­ma­ga ber­lip, Hal­ka­ra me­de­ni we mag­lu­mat alyş-ça­lyş mer­ke­zi, eda­ra­lar, kon­sert za­ly hök­mün­de ula­nyl­ýar. Onuň di­zaýn iş­le­ri Emi­lio Em­ba­şa de­giş­li­dir. Fu­kuo­ka­da­ky bu bi­na öz döw­rün­den öňe geç­di. Se­ýil­gä­hiň tak­my­nan, 100 müň ine­dör­dül metr meý­da­ny­ny onuň di­war­la­ry eýe­le­ýär. Onuň bir ta­ra­py ada­ty söw­da bi­na­sy­ny, beý­le­ki bir ta­ra­py bol­sa, Wa­wi­lon­da­ky Se­mi­ra­mi­da­nyň as­ma bag­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man keş­bi­ni ýa­dy­ňa sal­ýar. Fu­kuo­ka­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň şä­her mer­ke­zin­dä­ki gök agaç­la­ryň ýi­tip git­me­gin­den ho­wa­tyr­la­nan­dyk­la­ry üçin bi­na­gär Emi­lio Em­baş köp­çü­li­giň ýa­şyl meý­dan­ça­sy­ny ýap­gyt gör­nü­şe ge­tir­di. Bi­na­nyň ýap­gy­dy di­ňe bir aja­ýyp şe­kil ber­män, eý­sem, onuň gyz­gyn­lyk de­re­je­si­ni hem ka­da­laş­dyr­ýar. Şeý­le hem bu ýer dür­li jan­dar­la­ryň hem-de guş­la­ryň me­ka­ny­dyr.

Gök bi­na «Ro­bin­son di­ňi» (Sin­ga­pur)
2019-njy ýyl­da açy­lyp, ulan­ma­ga be­r­len bu bi­na eda­ra­lar we bö­lek sa­tuw üçin ni­ýet­le­nen­dir, onuň di­zaý­ny­ny ame­ri­kan bi­na­gär­lik býu­ro­sy «Kohn Pe­der­sen Fox» ýe­ri­ne ýe­tir­di. «Ro­bin­son di­ňi» 8 gat­ly bi­na bo­lup, dü­kan­la­ry, res­to­ran­la­ry we 20 eda­ra­ny özün­de jem­le­ýär. Bi­na­nyň üçe­gin­de açyk eý­wan bo­lup, ol ýer­de dür­li agaç­lar gy­şyn-ýa­zyn gök öw­süp otyr­lar.