Sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň we maşk et­me­giň sag­ly­ga peý­da­sy­nyň bar­dy­gy köp wagt­dan bä­ri mä­lim­dir. Soň­ky ge­çi­ri­len bar­lag­la­r yzy­gi­der­li maşk et­me­giň ýene bir peý­da­sy­nyň bard­ygy­ny ýü­ze çy­kar­dy. ABŞ-nyň San-Fran­sis­ko şä­he­rin­dä­ki Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry­nyň ge­çi­ren bar­la­gyn­da he­re­ket et­me­giň bag­ryň has köp mäz bö­lüp çy­kar­ma­gy­na ge­tir­ýän­di­gi, mu­nuň bol­sa, beý­ni­niň iş­jeň­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Yl­my işiň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da­ky ma­ka­la «Science» žur­na­lyn­da çap edil­di. Bar­lag­lar üç we al­ty hep­de ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­lip­dir. Yl­my işe gat­na­şan pro­fes­sor Sol Wil­le­da tä­ze mag­lu­mat­la­ryň özü­ni haý­ran gal­dy­ran­dy­gy­ny, maşk et­me­giň beý­le de­re­je­de peý­da­sy­nyň bo­lup bil­jek­di­gi­ni çak­la­ma­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di.