Tom­suň ys­sy gün­le­rin­de iý­mit­len­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­me­li. Adam be­de­ni üçin peý­da­ly wi­ta­min­le­re baý bo­lan iý­mit­le­ri iýmek sag­lyk üçin zerurdyr. Mi­we­dir gök önüm­le­re baý bo­lan bu pa­syl­da nä­hi­li mi­we­le­ri iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Ge­liň, luk­man­la­ryň mas­la­hat­la­ry­na se­re­de­liň!

C wi­ta­mi­ni: adam be­de­ni wi­ta­mi­niň bu gör­nü­şi­ne ýy­lyň is­len­dik pas­lyn­da hem ze­rur­lyk duý­ýar. Şu gün­ler­de ýe­tiş­ýän ar­myt, ýer­tu­da­na, gar­pyz, ga­wun, bö­würs­len, gy­zyl ke­lem, bol­gar bur­çy, gy­zyl burç we dür­li gök ot­lar dü­zü­min­de C wi­ta­mi­ni­ni sak­la­ýar. Gy­şy­na bol­sa, şol pa­syl­da ýe­tiş­ýän pyr­ty­kal, li­mon, man­da­rin, greýpf­rut ýa­ly sit­rus önüm­le­ri­ni iý­mek C wi­ta­mi­ni al­mak üçin iň te­bi­gy usul ha­sap­lan­ýar.
K wi­ta­mi­ni: bu wi­ta­min te­niň­de ýü­ze çy­kyp bil­jek nä­sag­lyk­la­ryň öňü­ni al­ýar. Haý­sy­dyr bir se­bäp bi­len ten şi­ke­si ýe­te­nin­de K wi­ta­mi­ni onuň gys­ga wagt­da go­wu­laş­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Ke­lem, şal­gam, şu­gun­dyr ýap­ra­gy, gök ot­lar, po­mi­dor, et, ba­gyr, böw­rek, ýu­murt­ga we süýt önüm­le­ri ýa­ly iý­mit­ler bu wi­ta­min­le­re baý­dyr.
A wi­ta­mi­ni: po­mi­dor, kä­şir, erik, ga­wun, üzüm ýa­ly iý­mit­ler ar­ka­ly bu wi­ta­mi­ni be­de­ni­ňi­ze alyp bi­ler­si­ňiz. Wi­ta­mi­niň ys­sy gün­ler­de te­niň üçin peý­da­ly­dy­gy aý­dyl­ýar.
D wi­ta­mi­ni: Gün şöh­le­si bu wi­ta­mi­niň esa­sy çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Bu wi­ta­min süňk­le­ri ber­kid­ýär, bo­gun­la­ry güýç­len­dir­ýär. Şeý­le hem D wi­ta­mi­ni süýt we süýt önüm­le­rin­de, ba­lyk­da, ýu­murt­ga sa­ry­syn­da bol­ýar.
B1 wi­ta­mi­ni: wi­ta­mi­niň bu gör­nü­şi­niň ýet­mez­çi­lik et­me­gi ys­gyn­syz­ly­ga se­bäp bo­lup bil­ýär. Bug­daý, ýe­ral­ma, kö­sük­li dä­ne­ler B1 wi­ta­mi­ne baý ha­sap­lan­ýar.
E wi­ta­mi­ni: ýy­lyň is­len­dik pas­lyn­da sarp edil­ýän gu­ry ir-iý­miş­ler E wi­ta­mi­ni­ne baý bol­ýar. Gü­ne­ba­kar çi­gi­di, ba­dam, zeý­tun we zeý­tu­nyň ýa­gy dü­zü­min­de E wi­ta­mi­nini sak­la­ýar.