Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­miz be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýar. Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­mi­ziň her bir gü­ni ta­ry­hy hem-de şat­lyk­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Ine, bir-iki gün­lük­de ýur­du­myz­da Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­la­ryň gü­ni uly şow­hun bi­len giň­den bel­le­nip ge­çil­di. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­dä­ki bi­lim eda­ra­la­ryn­da il­kin­ji jaň­lar ka­kyl­dy, döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­na, Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­ly­na, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yn­san­per­wer­lik­li içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň äh­mi­ýe­ti­ne ba­gyş­la­nan il­kin­ji wa­tan­çy­lyk sa­pak­la­ry ge­çi­ril­di.
Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­la­ryň gü­nü­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra­la­ryň iň esa­sy­sy paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da­ky tä­ze ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň – Oguz han adyn­da­ky in­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň açyl­ma­gy bol­dy. Oňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gat­naş­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len açy­lan bu bi­lim oja­gy Türk­me­nis­tan­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ryn­da in­no­wa­si­on ul­ga­myň hä­zir­ki za­man ga­za­nan­la­ry­nyň or­naş­dy­ry­lyp baş­lan­ýan­dy­gy­ny şöh­le­len­dir­ýär.
Türk­me­nis­tan bi­lim ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çir­ýän iş­jeň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň tä­ze nus­ga­sy­na öw­rül­jek bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de türk­men pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry bi­len bi­le­lik­de, dün­ýä­niň teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da iň ösen döw­let­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Ýa­po­ni­ýa­nyň hü­när­men­le­ri türk­me­nis­tan­ly ýaş­la­ra döw­re­bap bi­lim be­rer­ler. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na ýur­du­my­zyň hö­kü­me­ti­niň ag­za­la­ry bi­len bir ha­tar­da dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň baş­tu­tan­la­ry, ýer­li we da­şa­ry ýurt­ly köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri we ýa­po­ni­ýa­ly myh­man­lar gat­naş­dy. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak üçin paý­tag­ty­my­za Ýa­po­ni­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Mo­to­me Ta­ki­sa­wa hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň Bi­lim, me­de­ni­ýet, sport, ylym we teh­no­lo­gi­ýa­lar mi­nistr­li­gi­niň we­kil­le­ri gel­di­ler.
Mil­li Li­de­ri­miz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de çy­kyş edip, öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si na­za­ra al­nyp, bi­na edi­len top­lum­da ta­lyp ýaş­la­ry­myz döw­re­bap bi­lim­le­ri we ylym­la­ry öz­leş­di­rer­ler. Ola­ryň öz yl­my-in­že­ner­çi­lik pi­kir­le­ri­ni, se­na­gat-in­no­wa­si­on, mag­lu­mat-teh­no­lo­gi­k yl­my-bar­lag­la­ry­ny Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň yl­my-teh­no­lo­gik bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn di­ýip bel­le­di. «Bi­lim ser­het­siz­dir» di­ýen tag­ly­mat­dan ugur alyp, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy, şol san­da Azi­ýa­nyň, Ýew­ro­pa­nyň, Ame­ri­ka­nyň meş­hur ylym-bi­lim mer­kez­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­ýä­ris. Ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga, bi­lim we adam müm­kin­çi­lik­le­ri­ni yzy­gi­der­li art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris. Bi­lim­ler we ylym­lar dün­ýä­si­niň ga­py­la­ry giň­den açyl­ýan şu gün ulan­ma­ga be­ril­ýän Oguz han adyn­da­ky in­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de hem ýo­ka­ry hü­när­li, ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge my­na­syp go­şant goş­jak ne­sil­ler bi­lim alar­lar. Tä­ze ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň türk­me­nis­tan­ly we ýa­po­ni­ýa­ly pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­nyň, ta­lyp ýaş­la­ry­nyň hem-de ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra bi­lim gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da ber­kit­mä­ge my­na­syp go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na berk ynan­ýa­ryn di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz soň­ra toý ba­gy­ny ke­sip, tä­ze bi­lim oja­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Mil­li Li­de­ri­miz we ýa­nyn­da­ky ýa­pon myh­man­lar uni­wer­si­te­tiň okuw otag­la­ry­ny syn­la­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz okuw otag­la­ry­ny göz­den ge­çi­rip, iň tä­ze gör­nüş­li komp­ýu­ter­ler hem-de wag­tyň şol pur­sa­dyn­da peý­da­la­ny­jy­nyň el­le­ri­niň we göz­le­ri­niň he­re­ket­le­ri­ni yzar­la­ma­ga ukyp­ly, ek­ra­na çy­ka­ryl­ýan üç öl­çeg­li şe­kil­le­ri do­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän 3D-disp­leý­ler bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan okuw ota­gy­na ba­ryp gör­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ba­ryp gö­ren beý­le­ki ota­gyn­da hem ta­lyp­lar mil­li Li­de­ri­mi­ze bu ýer­de gur­na­lan en­ja­my iş ýü­zün­de, ýag­ny 3D-ska­ner­le­riň we prin­ter­le­riň iş­leý­şi­ni gör­kez­di­ler. Teh­no­lo­gi­ýa­lar, ha­ky­kat­dan-da, haý­ran gal­dyr­ýar: 3D-prin­ter is­len­dik za­dy çap edip bil­ýär. Dö­re­dil­ýän za­dyň öl­çe­gi prin­ter­le­riň di­ňe iş­le­dil­ýän meý­dan­ça­sy bi­len çäk­li­dir, ýö­ne bu me­se­lä­ni hem çö­züp bol­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň yl­my-bar­lag mer­ke­zin­de ta­lyp­la­ryň alan bi­lim­le­ri­ni tej­ri­be usu­lyn­da öz­leş­dir­me­gi üçin dö­re­di­len şert­ler bi­len ta­nyş­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz fi­zi­ka, hi­mi­ýa we bio­teh­no­lo­gi­ýa­lar we elekt­ro­ni­ka bar­lag­hana­la­ry­na ba­ryp gör­di we bu ýer­de or­naş­dy­ry­lan hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gik en­jam­la­ryň iş­leý­şi bilen gy­zyk­lan­dy.
* * *
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýa­pon hü­när­men­le­ri bi­len söh­bet­deş­li­gi­niň bar­şyn­da uni­wer­si­te­tiň ýa­nyn­da umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­de­biň açy­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Onuň mak­sat­na­ma­sy­na da­şa­ry ýurt di­li hök­mün­de ýa­pon di­li gi­ri­zil­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz uni­wer­si­te­tiň eý­wa­ny­na bar­dy, şol ýer­de 3 müň ta­lyp orun­lyk tä­ze uni­wer­si­tet şä­her­ji­gi­niň hem-de onuň çäk­le­rin­dä­ki äh­li des­ga­la­ryň tas­la­ma­sy gör­ke­zil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy­nyň pot­rat­çy­sy bo­lup çy­kyş eden “5M” türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri­ne min­net­dar­lyk bil­dir­di. Mil­li Li­de­ri­miz türk hyz­mat­daş­la­ryň döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň hem-de äh­mi­ýet­li dur­muş we yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ryň ola­ryň ta­ry­hy Wa­ta­ny bo­lan Türk­me­nis­tan­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne goş­ýan go­şan­dy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di.
* * *
Şol gün ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de tä­ze we döw­re­bap mek­dep­le­riň en­çe­me­si açyl­dy. Türk­men paý­tag­ty­nyň Kö­şi we Pa­ra­hat-7/1 ýa­şa­ýyş top­lum­la­ryn­da her bi­ri 500 orun­lyk umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­ri bi­len bir ha­tar­da, Ru­ha­bat et­ra­byn­da 1200 orun­lyk mek­dep ulan­ma­ga be­ril­di. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Sa­rahs et­ra­by­nyň “Ki­çia­ga” ge­ňeş­li­gi­niň Rys­gal­ly oba­syn­da ak mer­mer­li, 3 gat­ly 600 orun­lyk mek­dep açyl­dy.
Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­nü­niň giň­den hem-de da­ba­ra­ly ýag­daý­da bel­le­ni­len gü­nün­de Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de Ma­ry et­ra­by­nyň “Aky­baý” ge­ňeş­li­gi­niň Aky­baý oba­sy­nyň okuw­çy­la­ry­na tä­ze 620 orun­lyk iki gat­ly bi­na ga­py­la­ry­ny giň­den aç­dy. Şeý­le hem We­kil­ba­zar et­ra­by­nyň “Mülk­ýu­sup” ge­ňeş­li­gi­niň Kak­ly­de­pe oba­syn­da 500 orun­lyk, Ýo­lö­ten şä­he­rin­de 640 orun­lyk, Baý­ra­ma­ly et­ra­by­nyň “Azat” ge­ňeş­li­gi­niň Ha­zar­ly oba­syn­da 160 orun­lyk, Türk­men­ga­la et­ra­by­nyň “Ser­dar­ýap” ge­ňeş­li­gi­niň Ra­hat oba­syn­da 320 orun­lyk umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­niň açyl­ma­gy uly baý­ram­çy­ly­ga öw­rül­di. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ha­laç et­ra­by­nyň “Pel­wert” ge­ňeş­li­gi­niň Pel­wert oba­sy­nyň ýa­şaý­jy­la­ry üçin hem ol gün aja­ýyp wa­ka­la­ra bes­len­di. Bu ýer­de 600 orun­lyk or­ta mek­de­biň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.

OGUZ HAN ADYN­DA­KY IN­ŽE­NER-TEH­NO­LO­GI­ÝA­LAR
UNI­WER­SI­TE­TI: SAN­LAR WE MAG­LU­MAT­LAR

Nus­ga­wy ylym-bi­li­miň hem-de gel­je­giň IT-teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň däp­le­ri­ni bir­leş­di­ren Oguz han adyn­da­ky in­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň dü­zü­mi­ne ýur­du­my­zyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki yk­dy­sa­dy, bi­lim, se­na­gat kuw­wa­ty­ny ga­zan­mak üçin ze­rur bo­lan ugur­lar hem-de hü­när­ler gi­ri­zil­di.
Uni­wer­si­te­tiň tä­ze bi­na­lar top­lu­my­nyň umu­my meý­da­ny on iki gek­tar­dan yba­rat. Top­lum bäş gat­ly baş bi­na­ny, iki sa­ny okuw bi­na­sy­ny hem-de yl­my-bar­lag mer­ke­zi­ni özün­de jem­le­ýär. 185 okuw ota­gyn­dan yba­rat ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de birwag­tyň do­wa­myn­da 3000 ta­ly­byň oka­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di.
Bu ýer­de bäş fa­kul­tet, on bäş sa­ny hem ka­fed­ra iş­lär. Ta­lyp­lar bu ýer­de ma­te­ri­al­la­ry öw­ren­mek we tä­ze ma­te­ri­al­la­ryň teh­no­lo­gi­ýa­sy; na­no­ma­te­ri­al­lar; hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa; bio­teh­no­lo­gi­ýa; mag­lu­mat ul­gam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry; aw­to­mat­laş­dyr­mak we do­lan­dyr­mak; me­hat­ro­ni­ka we ro­bot teh­ni­ka­sy; in­no­wa­ti­ka ýa­ly mö­hüm ugur­lar bo­ýun­ça döw­re­bap bi­lim alar­lar.
Oku­wyň bi­rin­ji ýy­lyn­da ta­lyp­lar iň­lis we ýa­pon dil­le­ri­ni düýp­li öz­leş­di­rer­ler. Soň­ky ýyl­lar­da bol­sa, sa­pak­lar di­ňe şu iki dil­de al­nyp bar­lar. Ze­hin­li, yl­myň in­çe ugur­la­ry­ny saý­lap alan ta­lyp­lar bol­sa, Ýa­po­ni­ýa­nyň uni­wer­si­tet­le­rin­de bi­lim­le­ri­ni do­wam et­di­rer­ler.
Tä­ze bi­na­lar top­lu­myn­da mej­lis­ler we mas­la­hat­lar za­ly, ýö­ri­te ki­tap­ha­na we okal­ga zal­la­ry bar. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ne ýa­na­şyk 1200 orun­lyk umu­my ýa­şa­ýyş ja­ýy we sa­gal­dyş-sport top­lu­my ýer­leş­ýär.
Uni­wer­si­tet şä­her­ji­gi­ne Yl­my-bar­lag mer­ke­zi, Dil öw­re­niş mer­ke­zi hem-de ders­le­ri çuň­ňur öw­ren­mek üçin dür­li dil­ler­dä­ki ede­bi­ýat gaz­na­sy bo­lan ki­tap­ha­na gir­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de elekt­ron ki­tap­ha­na­sy bar.