Şu ýy­lyň 3-8-nji sent­ýab­ry ara­ly­gyn­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Ys­syk kö­lüniň ke­na­ryn­da Bü­tin­dün­ýä çar­wa­dar­la­ry­nyň oýun­la­ry ge­çi­ril­ýär. Spor­tuň et­ni­ki gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän bu ýa­ry­şyň mak­sa­dy dün­ýä­niň çar­wa­dar halk­la­ry­nyň ta­ry­hy we me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak­dan hem-de tä­ze­den di­kelt­mek­den yba­rat­dyr. Şo­nuň üçin Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lan­gy­jy bi­len bu sport bäs­le­şi­gi­ni gu­ra­mak işi­ne gi­ri­şil­di. Bu sport bäs­le­şi­gi­ni ge­çir­mek bi­len tu­tuş dün­ýä çar­wa­dar­la­ry­nyň be­ýik me­de­ni­ýe­ti­ni gör­kez­mek, ola­ryň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­ny ta­nyş­dyr­mak hem-de ola­ryň äh­li baý­lyk­la­ry­ny açyp gör­kez­mek me­ýil­leş­di­ril­di. Şo­nuň üçin Bü­tin­dün­ýä çar­wa­dar­la­ry­nyň oýun­la­ry­ny uly gu­ra­ma­çy­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çir­mek­lik ýo­la go­ýul­dy. Bu bäs­le­şi­giň açy­lyş da­ba­ra­sy­na dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­dan döw­let we hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry, meş­hur sun­gat us­sat­la­ry, ki­no äle­mi­niň ýyl­dyz­la­ry ça­gy­ryl­ýar. Şeý­le hem sport ýa­ry­şy­nyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len iri köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ça­ky­lyk­lar ibe­ril­di. 50-den gow­rak ýur­duň met­bu­gat we­kil­le­ri 500 mil­li­on­dan gow­rak ada­ma bu sport oýun­la­ry­nyň gün­de­lik wa­ka­la­ry­ny gyz­gy­ny bi­len ýe­tir­me­gi mak­sat edin­ýär.
Sport ýa­ry­şy­nyň çäk­le­rin­de 23 ugur bo­ýun­ça tür­gen­ler öza­ra bäs­le­şer­ler. Şeý­le hem bäs­le­şi­giň çäk­le­rin­de köp san­ly me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler ge­çi­ri­ler. Sun­gat us­sat­la­ry kon­sert prog­ram­ma­la­ry bi­len çy­kyş eder­ler. “Çar­wa­dar­la­ryň me­de­ni­ýe­ti: Ta­ry­hy mi­ras we hä­zir­ki dö­wür” at­ly yl­my mas­la­hat gu­ra­lar.
Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki giň ge­rim­li tas­la­ma­sy bo­lan Bü­tin­dün­ýä çar­wa­dar­la­ry­nyň oýun­la­ry­nyň şu ýyl­ky şy­ga­ry: “Ýe­ke-täk güýç! Ýe­ke-täk ruh!”.
Bu sport ýa­ry­şy­nyň öň­baş­çy­sy bo­lup, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy çy­kyş ed­ýär. 2012-nji ýyl­da Biş­kek şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Tür­ki dil­li ýurt­la­ryň döw­let baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­tin­de Ga­za­gys­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Tür­ki­ýä­niň hem-de Gyr­gy­zys­ta­nyň Pre­zi­dent­le­ri bu ba­ra­da Biş­kek jar­na­ma­sy­na gol çek­di. Şon­dan soň­ra bu ugur­da­ky il­kin­ji oýun­lar 2014-nji ýy­lyň 9-14-nji sent­ýab­ryn­da Ys­syk-Kul ob­las­ty­nyň Çol­pa­na­ta şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Oňa 19 döw­let­den 583 tür­gen gat­naş­dy. Şol oýun­lar 40 döw­let­de gör­ke­zi­lip, 230 mil­li­on adam to­ma­şa et­di.
Bu oýun­la­ryň ikin­ji­si hem ýe­ne-de Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ril­ýär. Bu ge­zek gat­naş­ýan ýurt­la­ryň sa­ny kö­pe­lip, 53-e ýet­di. Tür­gen­le­riň sa­ny mü­ňe go­laý­la­dy. Gat­na­şy­jy ýurt­lar: Azer­baý­jan, Ar­gen­ti­na, Er­me­nis­tan, Bang­la­deş, Be­la­rus, Be­nin, Bots­wa­na, Bra­zi­li­ýa, Weng­ri­ýa, Gwa­te­ma­la, Ger­ma­ni­ýa, Gru­zi­ýa, Zam­bi­ýa, Zim­bab­we, Ys­ra­ýyl, Hin­dis­tan, In­do­ne­zi­ýa, Eý­ran, Is­lan­di­ýa, Ita­li­ýa, Ga­za­gys­tan, Ka­na­da, Hy­taý, Ko­lum­bi­ýa, Kon­go, Lat­wi­ýa, Lit­wa, Ma­da­gas­kar, Mol­do­wa, Mon­go­li­ýa, Gol­lan­di­ýa, Pa­kis­tan, Pol­şa, Rus­si­ýa (Bir­nä­çe ob­last­la­ry), Swa­zi­lend, Ser­bi­ýa, Slo­wa­ki­ýa, ABŞ, Tä­ji­gis­tan, Türk­me­nis­tan, Tür­ki­ýe, Öz­be­gis­tan, Uk­rai­na, Urug­waý, Fi­lip­pin­ler, Finl­ýan­di­ýa, Çe­hi­ýa, Şweý­sa­ri­ýa, Şri-Lan­ka, Es­to­ni­ýa, Gü­nor­ta Ko­re­ýa, Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy we Ýa­po­ni­ýa.